Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Palestin serwerlerine hakerler hüjüm edipdir


Palestinanyň häkimiýetleri öz serwerlerine hakerleriň köpçülikleýin hüjüm edendigini aýtdy. Bu bolsa Palestinanyň köp ýerinde internetiň togtamagyna getirdi.

Şonuň ýaly-da, palestin tarapynyň habaryna görä, bilgeşleýin edilen bu hereket “Paltel” telefon ulgamynda kynçylyklar döredipdir.

Palestinanyň aragatnaşyk ministri Maşura Aby Daki “hakerleriň hüjümleriniň güýçli bolmagy we möçberi onuň tötänden däl-de, “döwlet çägindäki” we ýörite planlaşdyrylan iş diýen netijä gelmäge sebäp bolýar” diýdi.

Günbataryň habar gulluklarynyň bellemegine görä, bu hüjümler Palestina BMG-niň ÝUNESKO edarasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edilenden bir gün soň edildi. Şol karara Ysraýyl, Amerika we beýleki ýurtlar garşy ses berdiler.

Waşington ÝUNESKO-nyň proýektlerini maliýeleşdirmegi togtadýandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG