Sepleriň elýeterliligi

Stambulda Owganystanyň we Pakistanyň liderleri duşuşdy


Sişenbe güni Stambulda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we Pakistanyň prezidenti Asif Zardari gepleşik geçirdiler.

Gepleşige gatnaşan Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gülüň metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, iki lider Owganystanyň öňki prezidenti Burhaneddin Rabbaniniň öldürilmegi barada alynyp barylýan derňew boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ylalaşypdyr.

Rabbani 20-nji sentýabrda Kabuldaky öýünde terror hüjüminde öldürildi. Mundan öň Owganystan bu hüjümi amala aşyran janyndan geçen terroristiň pakistanlydygyny aýtdy.

Owganystan Yslamabady ekstremistleri goldaýanlykda aýyplady. Emma Yslamabad yslamçylaryň Owganystanyň territoriýasyny Pakistana hüjüm etmek üçin ulanýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG