Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan prezidentlik saýlawlarynyň netijesini jemleýär


Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ähli saýlaw uçastoklary baradaky protokollary işläp taýýarlady.

Interfaks habar gullugynyň maglumatyna görä, 30-njy oktýabrda geçen prezidentlik saýlawlarynda Almazbek Atambaýewiň ýeňiş gazanandygy tassyklandy.

Deslapky maglumata görä, Atambaýew sesleriň 63 prosentden gowragyny alypdyr. Ol Bişkekdäki metbugat konferensiýasynda saýlawlarda ýeňlen garşydaşlary bilen gepleşiklere başlamaga taýýardygyny aýtdy.

Atambaýew prezidentlik wezipesini ýerine ýetirmäge başlanda, ýurdy dolandyrýan koalisiýanyň we ýurduň Ministrler Kabinetiniň täze düzüminiň bellenjekdigini sözüne goşdy.

Atambaýewiň prezidentlik saýlawlaryndaky esasy bäsdeşleri Adahan Madumarowyň we Kamçybek Taşiýewiň tarapdarlary saýlawlaryň netijelerini ýatyrmagy talap edýärler.
XS
SM
MD
LG