Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň awtokratlary Gyrgyzystana eýerermi?


Saýlawlarda ýurduň aram garaýyşly premýer-ministri, 55 ýaşly Almazbek Atambaýew prezident saýlandy.

Saýlawlarda ýurduň aram garaýyşly premýer-ministri, 55 ýaşly Almazbek Atambaýew prezident saýlandy.

30-njy oktýabrda Gyrgyzystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine gowy baha beren halkara jemgyýetçiligi bu barada käbir ýiti tankytlary hem edip, saýlawlardaky galplyklaryň öňüni almak üçin entek köp işleriň edilmelidigini aýdýar. Eýse, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinde ýagdaýlar nähili?


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy şu ýylyň aprelinde Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna “oppozisiýanyň kandidatlarynyň gatnaşmandygyny” we onuň “bäsleşiksiz atmosferada geçendigini” ýazgardy. Şeýle-de, synçylaryň pikiriçe, geçen ýyl Täjigistandaky parlament saýlawlarynda “esasy demokratik ölçegler bozuldy”.

Özbegistan we Türkmenistan barada aýdylanda bolsa, düýbi ABŞ-daky adam hukuklary boýunça “Azatlyk öýi” guramasy bu iki ýurdy dünýäniň iň repressiw režimleriniň sanawyna goşdy. Gyrgyzystandan beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aglabasynda häkimiýet başynda uzak möhletden bäri awtokratlar otyrlar.

Parlamentar sistema

30-njy oktýabrda Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlary geçirildi.

30-njy oktýabrda Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlary geçirildi.

30-njy oktýabrda Gyrgyzystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýurduň aram garaýyşly premýer-ministri, 55 ýaşly Almazbek Atambaýew prezident saýlandy. Bu saýlawlarda 16 kandidat bäsleşdi we saýlaw kampaniýasy örän çekeleşikli boldy. Atambaýew merkezi aziýaly kärdeşlerinden tapawutlylykda diňe bir möhlet, 6 ýyl prezident bolar. Ol öz ýurdunyň parlament sistemaly hökümetini saklap galjakdygyny aýtdy.

Merkezi Aziýanyň adaty raýatlarynyň Gyrgyzystanyň modeline “gözi gitse”, beýleki synçylar oňa 5 million ilatly, gowşak, durnuksyz ýurt hökmünde garaýarlar. Gyrgyzystan bilen uzyn serhedi bolan Täjigistan demirgazykda ýerleşýän goňşusyndaky ösen ylymdan we syýasy özgerişlerden keýp alýar. Sebäbi Gyrgyzystan halkara uniwersitetler we syýasy guramalar üçin regiondaky merkez hasaplanýar.

Emma täjigistanly gozgalaňçylar geçen ýylyň iýunynda Gyrgyzystanyň günortasynda bolan etniki çaknyşyklara gatnaşanlykda aýyplandy, bu serhet gyzgyn nokada öwrüldi. Şonuň ýaly-da Gyrgyzystan Täjigistany häkimiýetden agdarylan prezident Kurmanbek Bakyýewiň hossarlaryna gaçybatalga bermekde aýyplady.

Täjigistanyň sosial-demokratik oppozision partiýasynyň başlygy Rahmatullo Zoýrow Gyrgyzystandaky saýlawlara demirgazygyň we günortanyň arasyndaky bäsdeşlik hökmünde garaýar. Gyrgyzystanyň demirgazyk regionynyň kandidaty Atambaýewiň ýeňiş gazanmagynyň sebäbi ol Bişkek we wagtlaýyn prezident Roza Otunbaýewa bilen jebis gatnaşykda diýip, Zoýrow sözüne goşýar.

“Bu saýlawlar kanun çykaryjy häkimiýetleriň we ýerine ýetiriji hökümetiň arasyndaky göreş bolup, ol ýerine ýetiriji hökümetiň has güýçli bolmalydygyny görkezýär. Atambaýewiň iň esasy bäsdeşi parlamentiň öňki başlygy Adahan Madumarow. Madumarow günortaly liderleriň biri. Atambaýew bolsa demirgazykly liderleriň biri. Netijede parlamente garanda ýerine ýetiriji hökümet saýlawlarda has guramaçylykly boldy” diýip, Zoýrow aýdýar.

Özbegistanyň özüni alyp barşy

Yslam Karimow

Yslam Karimow

Daşky dünýäden üzňelikdäki 27 million ilatly Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow gündogardaky kiçi goňşusyna “kese göz bilen” garaýar. Özbegistanyň gazetleri we telewideniýesi Gyrgyzystandaky prezidentlik saýlawlary barada örän az maglumat berýärler. Umuman, olar geçen ýyl Gyrgyzystanda bolan etnik çaknyşyklar ýaly wakalar barada Özbegistanyň atalyk aladasyna we esasy roluna üns berýärler. Hatda özbek synçylarynyň we Karimowyň tankytçylary hasaplanýanlaryň-da Gyrgyzystana “gözleri gitmeýär”.

Merkezi Aziýa boýunça belli kommentator, sosiolog Bahadyr Musaýewiň sözlerine görä, geçen ýylky gazaply çaknyşyklar Gyrgyzystany syýasy ölçegler boýunça görelde bolmak derejesinden mahrum etdi: “Şol çaknyşyklarda köp adam pidasynyň bolandygyny göz öňünde tutsak, eýse bu demokratiýamy? Biz primitiw görnüşdäki ýakymsyz milletçiligi görýäris. Siz bolsa demokratiýanyň ösüntgileriniň gürrüňini edýärsiňiz. Bu ýalan zatlar. Onuň liderleri parlament respublikasynyň düýbüni tutýan pionerler diýlip atlandyrylýar. Bu barypýatan mif. Olar hiç kim we boş gürrüň. Olary syýasy maksatlary üçin bir bölek toprak isleýänleri isleýşiçe oýnaýarlar”.

Adaty ýagdaýda Gyrgyzystan demirgazykdaky ummasyz tebigy baýlykly goňşusy Gazagystan bilen jebis gatnaşyklaryna buýsanýar. Emma tebigy baýlyklary köp bolmadyk we migrant işçileriň ýollaýan pullaryna juda mätäç Gyrgyzystan ilatynyň jan başyna düşýän girdejisi 10 esse köp Gazagystana partnýor bolmaga gurbatsyz.

Nursoltan Nazarbaýew

Nursoltan Nazarbaýew

Käbir synçylar prezident Nursoltan Nazarbaýewiň Gyrgyzystanyň parlament sistemadan ýüz öwürmegini görmek isleýändigini aýdýarlar. Çünki Nazarbaýew oňa güýçli prezidentlik dolandyryşa howp hökmünde garaýar. Emma ol çykyşlarynyň birinde “eger siz Gazagystandaky zatlar ýaramaz diýip pikir etseňiz, onda Gyrgyzystana gidiň we ýaramaz zadyň nämedigini görersiňiz” diýdi.

Ýöne Gazagystanyň sosial-demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Amiržan Kossanowyň pikiriçe, eger Bişkek golaýdaky syýasy bidüzgünçilikden sapak almagy başarsa, onda Gyrgyzystanyň modeli ynandyryjy bolup bilerdi: “Näme-de bolsa, Gyrgyzystanyň ýaş demokratiýasy synagdan geçdi. Elbetde, olar Askar Akaýewiň, Bakyýewiň mirasy bilen göreşmeli we olary ýok etmeli. Bu ýerde öňki režimler bilen gatnaşyklar üçin aladalaryň edilmegi we gyrgyz syýasatçylaryna dürli klanlaryň täsir etmegi mümkin. Ýöne bu zatlaryň ählisi janly prosesiň bir bölegi we eger Gyrgyzystan häzirki Baş kanunynyň çäginde hereket etse, onda goňşy döwletlere görelde alarlykly model bolup biler”.

Merkezi Aziýanyň awtokratlarynyň gyrgyz modelini asla halamaýan wagtynda regionyň adaty raýatlarynyň bu modele buýsanç bilen garaýandygyny görkezýän alamatlar bar. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň websaýtynda çap edilen kommentaride özüni migrant diýip tanadan bir diňleýji şeýle ýazýar: “Täjik halky biz gyrgyz halkyndan üýtgeşik bolmaly diýmäge hiç bir sebäbiň ýokdugyny bilmeli. Biziň beýik halkymyz hem gyrgyz halkynyň özüniň gazanan has gowy durmuşyna mynasyp”.
XS
SM
MD
LG