Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýada ýigrenç oýarýan sözleriň netijesi


Bosniýanyň resmileri Mewlid Ýasarewiçiň yslam dininiň fundamentalist wahhaby akymyna eýerijidigini aýdýarlar.
Bosniýanyň resmileri Mewlid Ýasarewiçiň yslam dininiň fundamentalist wahhaby akymyna eýerijidigini aýdýarlar.
23 ýaşly Mewlik Ýasarewiç öten hepde bir tramwaýdan düşüp, Birleşen Ştatlaryň Saraýewodaky ilçihanasyny awtomatik ýaragdan oka tutansoň, agza-dile düşdi. Ýöne onuň sapary şol gün ir bilen Serbiýadan serhetden geçip, Bosniýa-Gersogowina girmek bilen başlanypdyr. Ýasarewiç Serbiýanyň raýaty. Ol tramwaýdan düşüp, ot açmaga duranda geçip barýan adamlara gygyryp: “Gaçyň, gaçyň!” diýipdir.

Bu bir geň zat. Sebäbi, adat boýunça, terroristler parahat ilatdan ýaralanan ýa ölenleriň sanynyň köpräk bolmagyny isleýärler. Ýöne Saraýewoda beýle bolmady. Ýasarewiçiň bu hüjümden ölmek isländigi hem belli däl. Üstesine-de, ol “gaçyň” diýip, adamlary abanýan howpdan habarly edipdir. Hüjüm ýaňy başlanynda, bir polisiýa işgäri ýaralanypdyr. Ýöne bu hüjümde hüjümçiniň özünden başga pida çeken ýok. Bosniýalylar hem gorkup, dymmagyň deregine gygyryşyp gürläp, gaýta bu zorlugy tankytlapdyrlar.

Bu waka jikme-jigi bilen aýan bolanda, Ýasarewiçiň aňsatlyk bilen bu işe çekilendigi ýüze çykdy. Onuň Bosniýada wahhabylaryň obasy Maoka birnäçe gezek barmagy ony yslamçy fundamentalist ýa radikal edenok. Ýöne onuň jenaýatçylykly geçmişi bar.

Ýasarewiçiň hüjüminiň şu wagta çenli beren esasy netijesi Bosiniýa-Gersogowinanyň radikalizme hötde gelmek başarnygy baradaky çekişmä ýol açmagy mümkin. Tutuş Bosniýadaky syýasatçylaryň reaksiýasy öňünden hem bellidi. Saraýewodaky ýolbaşçylar: “Hüjüm Bosniýanyň garşysyna gönükdirilen zat” diýýärler.

Ýitirilen pursatlar

Dogrudanam, şeýle. Ýöne bu ýolbaşçylar özleriniň ýurduň ilatynyň üstüne yslamyň adatlaryny barha ýükländiklerini ýatdan çykarýarlar. Olar Maokada Şerigat kanunynyň ýerine ýetirilmegine näme üçin çydamlylyk görkezendiklerini aýdanoklar. Şeýle hem olar 2010-njy ýylyň iýun aýynda Bugojino obasynda bolan terrorçylykly hüjümde polisiýa işgärlerinden biri ölüp, altysy hem ýaralananda özleriniň köp iş etmändiklerini unudýarlar.

“Bugojinoda bolan hüjümden soň biz köp çäreleriň girizilmegini teklip etdik. Ýöne olaryň ýarpysyny parlament ret etdi. Musulman jemagaty hem ýazgardy” diýip, Bosniýanyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Sadik Ahmetowiç Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugyna aýtdy.

Bosniýaly serbleriň ýolbaşçylary öz musulman kärdeşlerini görkezip, olary wahhabyçylyga göz ýummakda aýyplaýarlar. Ýöne olar serbleri işe çekip, olary “Serbistany” NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky KFOR güýçlerinden goramaga iberýän serb guramlary hakda dymýarlar.

Serbleriň ýolbaşçysy Milorad Dodik ýaňy golaýda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Bosniýaly musulmanlar 1993-nji ýylda özlerini bir etniki topar diýip yglan etdiler. Olar beýleki etniki toparlaryň kimligini bozmasalar, özlerine kimlik döredip bilenoklar” diýdi.

Radikalizmiň gözbaşy

Radikalizme meçew berýän zat – adamlaryň arasyna ýigrenç salýan şular ýaly sözler. Saraýewonyň wahhabizme berkräk kontrollyk etmekden saklanmagynyň hem edýäni şu. Bosniýaly ýolbaşçylaryň bir bölegi ýigrenç döredýän sözler bilen musulmanlary radikallaşdyrsa, beýleki bölek bu işi radikal edim-gylyma çydamlylyk görkezmek bilen edýär.

Amerikan ilçihanasyna edilen hüjümden soň, ilçi Patrik Mun zorluk bosniýalylary birleşdirip, olary umumy maksat - Ýewropa integrirlenmäge tarap iter diýip, umyt etdi. Ýöne, gynansak-da, beýle bolmaz. 20 ýyldan gowrak wagt bäri bosniýaly syýasy liderleriň hemmesi diňe bir zada gol ýapýarlar. Ol hem öz bähbitleri. Elbetde, bu iş ýurduň etniki araçäkler boýunça bölünmegine getirip biljek howpuň hasabyna edilýär.

Nenad Pejiç Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda regional direktor. Kommentaride öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG