Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan öz hemrasyny uçurmaga taýýarlanýar


Metbugatda peýda bolan maglumatlara görä, Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň Fransiýanyň “Thales International” kompaniýasy tarapyndan guruljakdygy habar berildi. Türkmen telewideniýesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen bagly Aşgabada baran bu kompaniýanyň wise-prezidenti Blez Jeýgeriň geljekde guruljak emeli hemranyň maketini Türkmenistanyň prezidentine gowşurandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat gullugy Fransiýanyň “Thales International” kompaniýasynyň wise-prezidenti Blez Jeýger bilen prezident Berdimuhamedowyň arasyndaky duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň perspektiwalary, şol sanda aerokosmos tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi diýip, habar berdi.

Maglumatlaryň çäklendirilmek mümkinçiligi

Häzir Türkmenistanyň teleýaýlymlary Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyna degişli “Ýamal” emeli hemrasy arkaly tomaşaçylara ýetirilýär. Türkmen gepleşikleri bilen birlikde ilat arasynda meşhur bolan Orsýetiň dürli programmalary hem “Ýamal” arkaly ýerli ýaşaýjylara elýeterli edildi. Mundan başga-da, türk satellitleri arkaly Türkiýäniň hem dürli telegepleşikleri türkmen halkyna ýetirilýär.

“Eurasianet.org” neşirinde çap edilen maglumatda Türkmenistanyň kosmosa öz hemrasyny Orsýetiň kanallarynyň ilata ýetirýän täsirinden dynmak üçin uçurýandygy aýdyldy. Makalanyň awtory Katrin Fizpatrik Orsýetiň telewideniýesinde Abadan wakalary ýaly häkimiýetleriň göwnüne ýaramaýan maglumatlaryň berilýändigini belleýär.

Türkmenistanyň öz emeli hemrasyny kosmosa uçurmak meýline esasan arap ýurtlarynda bolan wakalar itergi berdi diýlip, makalada nygtalýar.

Gazagystanyň “Kazsat” programmasy boýunça bilermen, käri boýunça matematika hem informatika mugallymy, Gazagystanyň mejlisiniň deputaty Myrat Abenow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz hemrasyny kosmosa uçurmaklygyň her ýurt üçin bähbitlidigini aýtdy.

Emma Abenow, halkara kanunlaryna görä, bir hemradan çykýan tolkuna beýleki hemranyň tolkunynyň päsgelçilik döretmeli däldigini aýtdy: “Islendik ýurduň öz hemrasyny kosmosa uçurmagy beýleki hemralaryň maglumat ýaýratmak mümkinçiligini çäklendirmeýär. Belli bir ýurduň öz hemrasy bolan halatynda, şol ýurt özüniň ýaýradýan maglumatynyň hilini ýokarlandyryp bilýär. Bu ýerde bäsleşik döräp biler, ýöne maglumaty ýaýratmak meselesini çäklendirip bilmez”.

Perspektiwa

Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň dörediljekdigi habar berlipdi. Türkmen tarapy kosmos agentliginiň döredilmeginiň maksadynyň ylymda gazanylan soňky öňegidişlikleri ýurduň ykdysadyýetine ornaşdyrmakdan, şeýle-de ýurduň kosmos giňişligindäki işjeňligini ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdygyny aýdýar.

2009-njy ýylda emeli hemra bilen bagly işlere başlamaga görkezme beren prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz hemrasynyň kosmosda bolmagynyň ýurtda internet, telewideniýe hem aragatnaşyk sistemalarynyň ösmegine badalga berjekdigini aýtdy.

Gazagystanyň mejlisiniň deputaty Myrat Abenow öň Gazagystanyň beýleki ýurtlaryň hemralaryny kireýine alanlygy üçin ýylyna 33 million dollara golaý serişde tölemeli bolandygyny, netijede raýatlar üçin telefon, internet aragatnaşygynyň has gymmat bolandygyny aýtdy. Häzir bolsa, deputatyň tassyklamagyna görä, Gazagystanyň öz hemrasy kosmosa uçurlandan soň, mobil telefon, internet aragatnaşygynda bäsleşik döräp, bu hyzmatlaryň bahalary gitdigiçe pese gaçýar.

Abenow: “Maglumatlaryň köp hem elýeterli bolmagy bolsa, adamlaryň sowadyny artdyryp, olaryň aktiwligini ýokarlandyrýar. Bu zatlar netijede jemgyýetiň demokratiýalaşmagyna gowy täsir edýär” diýip, sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG