Sepleriň elýeterliligi

Belarusly belli aktiwistiň üstünden sud diňlenişigi başlandy


Şu gün Minksde Belarusyň belli aktiwistleriniň biri Ales Býalýatskiniň üstünden sud diňlenişigi başlandy.

“Wesna” atly adam hukuklary boýunça merkeziň başlygy Býalýatski 4-nji awgustda tussag edilipdi. Mundan soň oňa salgyt galplygynda aýyplama bildirilipdi. Bu ýagdaý halkara jemgyýetçiliginiň ýazgarmasyny döredipdi.

Eger-de Býalýatski günäli bilinse, oňa 7 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Sud diňlenişiginden bir gün öň, halkara “Human Rights Watch” guramasy Lukaşenkony Býalýatskini dessine azat etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG