Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Şarli Ebdo” satiriki žurnalynyň edarasy ot aldy


Fransiýada “Şarli Ebdo” satiriki žurnalynyň edarasy ot aldy. Bu neşir Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çap edipdi.

AFP habarlar gullugynyň maglumatyna görä, bir şaýat benzinli gabyň aýnadan zyňylanyny görüpdir.

“Şarli Ebdo” žurnalynyň şu hepdede çykmaly sany Tunisde geçirilen saýlawlarda yslamçy partiýanyň ýeňşine “bagyşlanmalydy”. Munuň netijesinde, neşir öz adyny “Şerigat Ebdo” ady bilen çalşyryp, Muhammet pygamberiň “gülküsinden ölmeýäne ýüz urgy” diýip duran karikaturasy çap bolmalydy.

Žurnalyň redaktory Stefan Çarbonnier şeýle diýdi: “Bu adamlar entek çapdan çykmadyk, hiç kimiň görmedik neşirine diňe bir gep-gybat ýa-da ýene-de bir zat sebäpli şeýle gazaplylyk bilen hereket etdiler. Olaryň bu barada diňe hyýaly çak-çenleri bardy, ynha-da bärde munuň netijesi”.

2007-nji ýylda neşir Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çap edende musulmanlar tarapyndan tankytlanypdy.
XS
SM
MD
LG