Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda ýeňlen dalaşgärleriň tarapdarlary proteste çykdylar


Gyrgyzystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp bilmedik dalaşgärleriň tarapdarlary proteste çykdylar. Kamçybek Taşiýewi we Adahan Madumarowy goldaýanlar Gyrgyzystanyň günorta sebitlerinde protest geçirýärler.

Jalalabad şäherinde welaýat dolandyryş binasynyň daşynda müň töweregi adamyň toplanandygy habar berilýär. Şeýle-de, Oş şäherinde häzire çenli 200 adamyň ýygnandygy we adamlaryň henizem köpelýändigi aýdylýar.

Taşiýewiň we Madumarowyň tarapdarlarynyň aýtmagyna görä, 30-njy oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlary galplaşdyrylypdyr.

Saýlawlaryň netijelerine görä, sesleriň 60%-den gowragyny alan Almazbek Atambaýew ýeňiş gazanypdy. Taşiýewiň we Madumarowyň her biri sesleriň 14% töweregini alypdy.
XS
SM
MD
LG