Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň daşary işler ministri Liwiýa sapar edýär


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Liwiýa sapar edýär. Eýran hökümetiniň ýaýradan beýanatyna görä, Salehi Stambulda Owganystana bagyşlanyp geçirilýän halkara konferensiýadan soň, Liwiýa ugrar.

Şu ýyl Liwiýada dörän konflikt boýunça Eýranyň iki dürli garaýşy bolupdy. Tähran bir tarapdan Muammar Kaddafä garşy baş göteren liwiýalalary goldan bolsa, beýleki tarapdan Liwiýada NATO-nyň geçiren operasiýasyny tankytlapdy.
XS
SM
MD
LG