Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak derýasynda sianidiň derejesi aşa ýokary çykdy


Gazagystanyň gündogaryndaky Sekisowka derýasynda sianidiň derejesi kabul ederlik normadan 516 esse ýokary çykdy. Bu barada Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi habar berýär.

Maglumata görä, derýada öli balyklaryň çenden aşa köp tapylmagyndan soň, duşenbe güni barlag geçirilipdir.

Ýerli ýaşaýjylar derýanyň golaýyndaky altyn işleýän desgany sianidi derýa akdyrmakda aýyplaýarlar.

Derýanyň golaý-goltumyndaky mekdepler ýapyldy, häzir ol regiona agyz suwy daşalýar.
XS
SM
MD
LG