Sepleriň elýeterliligi

Damask Arap Ligasynyň plany bilen ylalaşdy


Damask Arap Ligasyna agza döwletleriň Siriýadaky gandöküşligi togtatmak baradaky plany bilen ylalaşdy.

Ýurtda maý aýyndan bäri prezident Başar al-Assadyň häkimiýetden gitmegini talap edýän protestler henizem dowam edýär.

Kataryň premýer-ministri Hamid bin Jasim al-Taniniň sözlerine görä, häkimiýetler oppozisiýanyň çykyşlarynyň üns merkezindäki goşuny ilatly merkezlerden çykarmaga taýýar.

Jasim al-Tani çarşenbe güni Arap Ligasynyň Kairdäki duşuşygyna gatnaşandan soňra, Damask protestler wagtynda tussag edilenleri boşatmaga we daşary ýurtly žurnalistleriň Siriýadaky wakalar barada habar bermegine päsgelçilik döretmezlige ylalaşdy diýdi.

Ýöne Siriýanyň oppozisiýasy Damaskyň beren wadalarynda tapyljakdygyna şübhe bildirdi. Amerika bolsa Başar al-Assadyň kanunylygyny ýitirendigini we onuň wezipesinden gitmelidigini gaýtalady.
XS
SM
MD
LG