Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda energiýa boýunça halkara konferensiýa açyldy


Şu gün Aşgabatda “Energiýa bazarlarynyň global integrasiýasy - energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi” atly halkara konferensiýa açyldy. Ony Türkmenistanyň Daşary işler we Nebit gaz we mineral resurslar ministrlikleri gurnaýar.

Resmi metbugatyň ýazmagyna görä, bu halkara konferensiýa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň energiýa howpsuzlygy bilen bagly özara hyzmatdaşlygyny mundan buýana ösdürmek maksatlary bilen geçirilýär.

Maslahata dünýäniň iri nebit-gaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara guramalaryň, ÝHHG agza ýurtlaryň diplomatik missiýalary gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG