Sepleriň elýeterliligi

Rus raýatlygyny almak isleýän gyrgyzlar köpelýär


Gyrgyzystanyň Moskwadaky ilçihanasy Orsýetiň raýatlygyny almak isleýän gyrgyzystanlylaryň köpelýändigine alada bildirdi.

24-nji oktýabrda Orsýetiň häkimiýetleri migrasiýa baradaky täze düzgünleri yglan etdi. Şoňa görä, mundan beýläk Belarusyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň raýatlaryna Orsýetiň raýatlygyny almak üçin ýeňillik döredilmez.

Gyrgyzystanyň Moskwadaky ilçihanasynyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, Orsýetiň käbir şäherlerindäki gyrgyz raýatlaryna Orsýetiň raýatlygyny almak üçin zerur dokumentleri taýýarlamaga kömek teklip edilipdir.

Gyrgyz resmileri Orsýetde işleýän ähli gyrgyz raýatlaryna Orsýetiň raýatlygyny almak üçin diňe regiondaky bölümlere arza bermäge we bu ugurda kömek bermegi teklip edýän şahslardan ýa-da firmalardan ýüz öwürmäge çagyryş etdi.

Gyrgyzystanyň ýüz müňlerçe raýaty Orsýetde zähmet migranty bolup hemişelik işleýär. Olaryň aglabasy kanuny ýaşamak we işlemek üçin Orsýetiň raýatlygyny alýarlar.
XS
SM
MD
LG