Sepleriň elýeterliligi

Ýewropanyň maliýe çökgünligi maslahat edilýär


Amerikanyň prezidenti Barak Obamanyň aýtmagyna görä, Fransiýada dünýä liderleriniň gatnaşýan ykdysady sammitiniň esasy maksady Ýewropanyň maliýe çökgünligine seretmek bolar.

Fransiýanyň Kanni şäherinde geçirilýän G-20 toparynyň maslahatyndan öň, Obama Frasniýanyň prezidenti bilen birlikde çykyş etdi.

—Meniň pikirimçe, gepleşikleriň dowamynda serediljek esasy meseler adamlarymyz üçin iş orunlarynyň döredilmegi we dünýä boýunça maliýe bazarlarynyň durnuklaşdyrylmagy boljakdygy hiç kim üçin täzelik bolmasa gerek. Iki günüň dowamynda geçirjek gepleşiklerimiziň dowamynda esasy maksat Ýewropaky maliýe krizisini çözmek bolar — diýip, Obama belledi.

Gresiýanyň premýer-ministri şu hepdäniň başynda ýewropa ýurtlarynyň Gresiýanyň defolta uçramagynyň öňüni almak üçin ylalaşan plany boýunça ýurtda referendum geçirjek diýmegi bilen, Ýewropany haýran galdyrdy. Bu karar maliýe bazarlarynyň hem aşak gaçmagyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG