Sepleriň elýeterliligi

Siriýada howpsuzlyk güýçleri üç adamy öldüripdir


Siriýanyň Homs şäherinde howpsuzlyk güýçleriniň üç adamy öldürendigini ynsan hukuk goraýjylar habar berýärler. Mundan öň, Siriýanyň hökümeti Arap Ligasyna ýurtda protestçilere garşy wagşylygyň bes ediljekdigini söz beripdi.

Maglumata görä, Homs şäherinde howpsuzlyk güýçleri agyr ýaraglardan ot açanda, azyndan üç adam ölüpdir.

BMG-niň maglumatyna görä, mart aýynda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynda ölenleriň sany üç müňden geçipdir.

Çarşenbe güni Arap Ligasyna agza döwletleriň ministrleriniň Kairde geçirilen duşuşygynda Siriýanyň hökümeti özüniň goşunlaryny protest geçirilýän merkezlerden aýyrmaga borçlanypdy.
XS
SM
MD
LG