Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň harby ýolbaşçysy Ysraýyla duýduryş berdi


Ysraýyl Eýrana garşy islendik harby hüjümi amala aşyran ýagdaýynda, onda ol bu hereketine juda öküner we gazaply jezalandyrylar diýip, Eýranyň harby ýolbaşçysy, general Hassan Firouzabidiniň aýdan sözleri ýerli metbugatda çap edildi.

Mundan öň Ysraýylyň metbugatynda ýurduň baştutanlarynyň Tähranyň ýadro desgalaryna garşy hüjüm etmek mümkinçiligine seredýändigi baradaky habarlar peýda bolupdy.

Ýöne, Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Libermanyň ysraýyl radiosyna aýtmagyna görä, Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümi etmegi barada edilýän gürrüňleriň “99%-niň hakykat bilen ilteşigi ýok”.
XS
SM
MD
LG