Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Wiktor Buty ýurda getirmäge synanyşmakçy


Orsýet öz raýaty Wiktor Buty ýurda getirmäge synanyşjakdygyny aýdýar. Wiktor But ýarag gaçakçylygynda aýyplanyp, çarşenbe güni amerikan sudunda günäli tapyldy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aleksandr Lukaşewiç Butuň Amerikadaky ýagdaýyna Orsýetiň gözegçilik etjekdigini, şeýle-de ony ýurda getirmek ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

“Orsýetiň Daşary işler ministrligi Orsýetiň raýaty hökmünde Wiktor Butuň hak-hukuklarynyň berjaý edilmegi ugrunda ähli tagallany etmegi dowam etdirer. Biziň maksadymyz onuň öz watanyna dolanmagyny gazanmakdyr” diýip, Lukaşewiç belledi.

Sowet armiýasynyň ozalky ofiseri But Kolumbiýanyň söweşijileri diýip pikir eden adamlaryna ýarag satmaga razylaşanlykda günäli tapyldy.

“Ölüm tutjary” diýlip atlandyrylan 44 ýaşly Buta 25 ýyldan ömürlik türme tussaglygyna çenli jezanyň berilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG