Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Hytaýy we Orsýeti maglumat ogurlygynda aýyplaýar


ABŞ Hytaýyň we Orsýetiň ýörite gulluklaryny Birleşen Ştatlaryň kompaniýalara garşy we täze tehnologiýalar baradaky maglumatlary ogurlamak bilen bagly internet jenaýatlarynda aýyplady. Bu barada ABŞ-nyň ýörite gulluklarynyň taýýarlan we Kongrese iberen hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda bellenmegine görä, şular ýaly hereket Amerikanyň ykdysady howpsuzlygyna wehim salýar.

Ekspertleriň hasaplamalaryna görä, internet arkaly edilýän jenaýatlar netijesinde ABŞ-nyň çekýän zyýany milliardlarça dollara barabar.
XS
SM
MD
LG