Sepleriň elýeterliligi

Kiýewde ykdysady syýasata garşy protest geçirildi


Penşenbe güni Kiýewde häkimiýetleriň ykdysady syýasatyna garşy bolan protestlere iki müň çemesi adam gatnaşdy.

Kiýewiň merkezine ýygnanan telekeçiler täze salgyt sistemasy baradaky kanuny ýatyrmagy talap etdiler. Çünki ol kiçi göwrümdäki telekeçilige zyýanly.

Mundan başga-da, parlamentiň jaýynyň golaýynda Çernobyl heläkçiliginde arassalaýyş işlerine gatnaşanlar protest geçirip, häkimiýetleriň sosial ýeňillikleri ýatyrmak planlaryna närazylyk bildirdiler.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligine salgylanyp, Interfaksyň beren habaryna görä, penşenbe güni tutuş ýurt boýunça 18 miting bolupdyr.
XS
SM
MD
LG