Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak nebitçisiniň gyzyny öldürenlikde şübhelenilýän tussag edildi


Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, iş taşlaýan nebitçileriň biriniň gyzyny öldürenlikde şübhe bildirilýän adam tussag edilipdir.

Žakşylyk Karabalaýewiň 18 ýaşly gyzy Mangystauda awgust aýynda öli tapylypdy.

Içeri işler ministrligi ady agzalmaýan 24 ýaşly ýerli raýata ony öldürenlikde şübhe bildirilýändigini mälim etdi.

1-nji noýabrda Mangystau regionynyň polisiýasy iş taşlaýan nebitçi Žakşylyk Turbaýewi öldürenlikde aýyplanyp, 28 ýaşly biriniň tussag edilendigini habar beripdi. Turbaýew şu ýylyň 3-nji awgustynda öli tapylypdy.

Iş taşlaýan nebitçiler Karabalaýewanyň we Turbaýewiň ölüminiň özleriniň protesti bilen baglydygyna ynanýarlar.

Nebitçiler aýlyklarynyň köpeldilmegini, çet ýurtlularyňky ýaly hak-hukuklaryň berilmegini we garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň işlerini çäklendirýän düzgünleriň ýatyrylmagyny talap edip, maý aýyndan bäri iş taşlaýyş geçirýärler.
XS
SM
MD
LG