Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haj zyýaratyna baran eýranlylar deportasiýa edildi


Haj zyýaratyna baran eýranlylar Jeddah aeroportunda, 30-njy oktýabr.
Haj zyýaratyna baran eýranlylar Jeddah aeroportunda, 30-njy oktýabr.
Şu hepde Haj zyýaratyna baran ýüzlerçe eýranlylar Saud Arabystanyna baran badyna tussag edilip, soňra yzlaryna iberildiler. Bu wakanyň regiondaky özara duşmançylykly iki döwletiň gatnaşyklarynyň dartgynlaşan döwrüne gabat gelmegi howpsuzlygyň Haj zyýaraty bilen bagly alada sebäp bolmagy mümkinmi diýen ýaly sowallary döredýär.

Eýranyň metbugatynyň ýazmagyna görä, şu hepde Saud Arabystanyna baran 520-den gowrak zyýaratçy tussag edildi we yzlaryna deport edildi. Tussag edilen 150 adamdan ybarat toparyň ady agzalmaýan agzasy “Fars” habar gullugyna özlerini Medinäniň aeroportunda wiza galplygy bahanasy bilen tussag edendiklerini aýtdy. “Olar bize wizalarymyz bilen bagly problemanyň bardygyny aýtdylar we olary nireden alandygymyzy soradylar. Biz olary Saud Arabystanynyň Maşatdaky konsullygyndan aldyk we käbir ofiserler wizalarymyzyň düzüwdigini kabul etdiler” diýip, ol mälim etdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hasan Kaşkawiniň sözlerine görä, şu hepdäniň başlarynda deportasiýa edilenleriň köpdügine garamazdan, Haj zyýaratynyň öň ýanynda Saud Arabystanynyň Maşatdaky konsullygynyň wiza berişi bilen bagly kynçylyklar ýüze çykypdyr. Ol bu meseläni çözmek üçin Saud Arabystanynyň resmileri bilen gepleşikleriň geçirilýändigini aýdyp, anna güni başlanjak Haj zyýaratyny etmek isleýänlere wiza beriljekdigine umyt etdi.

Emma penşenbe güni gowşan maglumatlara görä, ýene-de 370 sany eýranly Saud Arabystanynda tussag edilipdir we yzlaryna deportasiýa edilipdir.

Mundan öň, Eýran regiondaky iki duşmançylykly döwletiň gatnaşyklarynyň ABŞ-nyň öňe süren aýyplamalary bilen bagly dartgynlaşýandygyna garamazdan, Haj zyýaratynyň “örän asuda” boljakdygyna umyt etdi. ABŞ Tährany Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisiniň janyna kast etmäge synanyşygy planlaşdyrmakda aýyplady. Eýranyň hökümeti bolsa şeýle synanyşyga haýsy-da bolsa bir gatnaşygynyň bardygyny inkär etdi.

Içeri işler ministrligine hem ýolbaşçylyk edýän Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Naýed bin Abdel Aziz Haj zyýaratynyň asuda geçmegi üçin ähli zerur çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

Sebäp näme?

Eýranly zyýaratçylar özleriniň deportasiýa edilmegine eýranly zyýaratçylara garşy hüjümiň iň soňky mysaly hökmünde garaýarlar. Emma britaniýaly žurnalist we Ýakyn Gündogar boýunça kommentator Adel Derwişiň pikiriçe, bu waka iki ýurduň arasynda geçmişdäki we häzirki wagtdaky duşmançylygyň önümi hökmünde garamak mümkin.

Adel Derwiş eýranly zyýaratçylary Saud Arabystanyndan deportasiýa etmek praktikasynyň 80-nji ýyllaryň başynda başlanandygyny aýdýar. Şonda Eýranyň hökümeti Yslam rewolýusiýasyny Aýlag ýurtlaryna eksport etmek üçin Hajy syýasy platforma hökmünde ulanypdy diýip, ol sözüne goşýar.

“Geçen birnäçe ýylda eýranlylar aňtaw gulluklaryny ulanmaklygy adaty zada öwürdiler we olaryň jansyzlary zyýaratçylar hökmünde rewolýusiýany, radikal ideýalary wagyz edýärler. Olar Haja Afrikadan, Aziýadan we Ýewropadan adamlaryň gelýändigini bilýärler. Olar üçin Haj şol zatlary wagyz etmäge amatly ýygnanyşyk” diýip, Derwiş aýdýar.

1987-nji ýylda eýranly şaýy zyýaratçylaryň we Saud Arabystanynyň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyklar bolanda, 400-den gowrak adam öldi we olaryň 275-si eýranlydy. 80-nji ýyllardan başlap, eýranly zyýaratçylar Haj wagtynda ABŞ-a we Ysraýyla garşy yzygiderli demonstrasiýa geçirdiler. Saud Arabystanynyň polisiýasy olara böwet boldy we gapma-garşylyk emele geldi. Netijede ýüzlerçe adam öldi we başga-da müňlerçesi ýaralandy.

Mundan soňra eýranlylar Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm etdiler. Eýranyň baş ruhany lideri aýatolla Hameneýi bolsa Saud Arabystanynyň halkyny ýurduň patyşa maşgalasyny häkimiýetden agdarmaga çagyrdy. Netijede Saud Arabystany Eýran bilen gatnaşyklaryny çäklendirdi we Eýrandan Haja barýanlaryň sanyny 150 müňden 45 müňe çenli azaltdy.

Her ýylda Haj zyýaraty üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan 1,5 milliondan gowrak musulman Saud Arabystanyna barýar.
XS
SM
MD
LG