Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bouygues” we “Polimeks” täze proýektleri hödürleýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fransuz “Bouygues” kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysy Martin Bouygues bilen Aşgabatda, 2011-nji ýylyň 1-nji apreli.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fransuz “Bouygues” kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysy Martin Bouygues bilen Aşgabatda, 2011-nji ýylyň 1-nji apreli.
3-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyllar bäri ýurtda dürli binalary, obýektleri guran hem gurluşyk ugrundan uly işler alyp barýan Fransiýanyň “Bouygues” we Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýalarynyň baştutanlaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen duşuşykda “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň baş direktory Oliwýe-Mari Rasin we “Bouygues Turkmen” kompaniýasynyň regional direktory Mişel Oşe bilelikdäki ençeme möhüm gurluşyk obýektleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýtdylar.

Prezident Berdimuhamedow ýurtda gurulýan her bir binanyň ýokary hil talaplaryna bap gelmelidigini nygtady. “Biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryna bildirilýän birinji derejeli talap - bellenen möhletde gurluşygy tamamlamak we gurluşyk işleriniň diňe ýokary hilli bolmagy” diýip, türkmen prezidentiniň aýdandygyny TDH gullugy habar berýär.

Prezidente “Bouygues” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan ençeme täze uly proýektler hödürlendi. Olaryň arasynda Işewür kongresler merkezi, Kino-konsert toplumy, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini giňeltmek, şeýle-de Arçabil şaýolunyň ugrunda Gün sütüni ýaly proýektler bar.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow teklip edilen proýektler boýunça käbir bellikler etdi we eýýäm tassyklanan proýektleriň gurluşygyny kompaniýanyň çaltlandyrmalydygyny aýtdy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary prezidentiň bellikleriniň gürrüňsiz hasaba alynjakdygyny hem alan borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdiklerini aýtdylar diýip, TDH gullugy habar berýär.

Şol gün Berdimuhamedow “Polimeks” türk kompaniýasynyň baştutany Erol Tabanjany hem kabul etdi. Türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda bu kompaniýanyň gurluşyk işlerini üstünlik alyp barýandygyny belläp, Berdimuhamedow toplumlaýyn özgerdiş programmalaryny, şol sanda şäher gurluşygyny amala aşyrýan Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny nygtady diýlip, resmi maglumatda bellenýär.

Daşary ýurt habar serişdelerinde Türkmenistanda iş alyp baran ençeme türk kompaniýasy bilen türkmen häkimiýetleriniň arasynda edilen işe töleg bilen habarlar peýda bolan mahaly Berdimuhamedow Türkmenistanda 600 çemesi türk kompaniýasynyň işleýändigini, olaryň 20 milliard dollardan gowrak pula durýan proýektleri amala aşyrýandygyny aýdypdy. Ýerli synçylar muňa daşary ýurt firmalary üçin uly mümkinçilik döretmek arkaly ýerli telekeçsileriň iş mümkinçiligini çäklendirmek hökmünde baha beripdiler.

Erol Tabanja prezident Berdimuhamedowa “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan türkmen lideriniň tabşyrygy we bellikleri esasynda işlenip düzülen täze proýektleriň ençemesini hödürledi. Olaryň arasynda faşizm bilen söweşde wepat bolan türkmenistanly eserleriň hatyrasyna Ýadygärlikler toplumy, kongresler merkezi, tehnopark, şeýle-de paýtagtyň awtoýollarynyň ençemesiniň durkuny täzelemek boýunça proýektler bar. Türkmenistanyň prezidentine Aşgabadyň täze halkara aeroportunyň proýektiniň üç görnüşi hem wideorolikde görkezildi.

Teklipler bilen ünsli tanşan prezident her proýekt boýunça aýratyn bellikler we teklipler etdi diýip, TDH habar berýär. Erol Tabanja özüne ynanylan işe mundan beýläk şol bellikleri hasaba alyp juda üns bilen çemeleşjekdigini aýtdy. Resmi maglumatda teklip edilen proýektleriň deslapky bahalary, gurulmaly möhletleri, şol binalaryň ýurduň ýönekeý ýaşaýjylarynyň gündelik durmuş şertlerine nähili ýardam etjekdigi barasynda hiç zat aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG