Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky kürtleriň lideri Türkiýä sapar edýär


Yrakdaky kürtleriň lideri Masud Barzani iki günlük sapar bilen Türkiýä bardy. Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bilen geçiriljek gepleşikleriň dowamynda serediljek esasy meseleleriň biri türk harbylarynyň Yragyň demirgazygyndaky kürt söweşijilerine garşy alyp barýan söweşi bolar.

“Türkiýe we Yragyň regional kürt hökümeti, şeýle-de ähli türkler we kürtler biziň doganlygymyzy bozýan terroristlere garşy bilelikde hereket eder. Bu biziň jenap Barzanä ýetiren habarymyz boldy. Biziň doganlygymyza böwet bolýan bu terroristik gurama garşy göreşi her kimiň goldajagyna ynanýarys” diýip, Dawutoglu çykyş etdi.

Barzaniniň saparyndan iki hepde ozal kürt söweşijileriniň Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerindäki barlag-gözegçilik nokatlaryna eden hüjüminde 24 esger ölüpdi.

Kürt separatisleri soňky döwürde Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerine hüjümlerini ýaýbaňlandyrdylar. Netijede, iýul aýyndan bäri Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 50-den gowrak adam öldi.
XS
SM
MD
LG