Sepleriň elýeterliligi

Siriýada howpsuzlyk güýçleri üç adamy öldüripdir


Siriýanyň Homs şäherinde howpsuzlyk güýçleriniň azyndan üç adamy öldürendigini ynsan hukuklaryny goraýjylar habar berýärler.

Mundan öň Siriýanyň hökümeti Arap Ligasyna ýurtda protestçilere garşy zorlugyň bes ediljekdigini söz beripdi.

Homs şäherinde tanklardan ot açylypdyr. Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň aýtmagyna görä, penşenbe güni bu şäherde 20-ä golaý raýat öldürilipdir.

BMG-niň maglumatyna görä, mart aýynda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde ölenleriň sany üç müňden geçipdir.
XS
SM
MD
LG