Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal ykdysatçy De Soto ykdysady krizis barada


Peruwly tanymal ykdysadyýetçi we aktiwist, Azatlyk we Demokratiýa Institutynyň prezidenti Hernando de Soto
Peruwly tanymal ykdysadyýetçi we aktiwist, Azatlyk we Demokratiýa Institutynyň prezidenti Hernando de Soto
Dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetçileriniň biri Hernando de Soto global ykdysadyýetiň geljegini üýtgedip biljek täzelikçi hökmünde häsiýetlendirilýär.

Peruwly tanymal ykdysadyýetçi we aktiwist, Azatlyk we Demokratiýa Institutynyň prezidenti Hernando de Soto öz halkynyň emläk hukuklaryny gazanmagyna ýardam edip, olaryň ýaşaýyş standartlaryny ýokarlandyrmak boýunça iş alyp bardy. Ol garyp ýurtlarda emläk hukuklarynyň bolmazlygyna garyplygyň gözbaşy hökmünde garaýar. De Soto çepçi liberallardan başlap, konserwatorlara çenli Günbataryň ençeme täsirli syýasy güýçlerinden goldaw tapdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Dragan Stawljanin ykdysatçy Hernando de Soto bilen dünýäniň häzirki ykdysady krizisi barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy golaýda dünýäniň bir täze ykdysady peselişiň gyrasynda durandygyny aýtdyňyz. Muny görkezýän alamatlar nämeler?

Hernando de Soto: Muny aýtmagymyň sebäbi - meniň ykdysady peselişiň kesgitlemesi diýip, onuň esasy häsiýetlerini göz öňünde tutýandygym. Bu hem kredit göwrüminiň kiçelmegi we aýlanyşygyň şoňa görä belli bir derejede ýöntem bolmagy. Günbatarda, şu wagtky bolşy ýaly, kreditiň, hususy kreditiň göwrümi kiçelse, maýa goýumy az bolýar. Kredit gysylmagy diýildigi – önümçilik az diýildigi, kredit az diýildigi, işsizlik köp diýildigi, bu bolsa zatlaryň bahasynyň aşaklamagy diýildigi, bahalaryň aşaklamagy ynamyň gaçmagy diýildigi.

Onsoň, yza göz aýlanyňda, kreditiň göwrüminiň kiçelmeginiň sebäbiniň kärhanalaryň az bolmagynyň, iş orunlarynyň az bolmagynyň netijesidigini görýärsiň. Biz häzir şu çykgynsyz ýagdaýda durus.

Azatlyk Radiosy: Häzir kredit göwrüminiň kiçelmeginiň sebäbi näme?

Hernando de Soto: Adaty çöküşlikde esasan çişirilen bahalaryň ýarylmagy başdan geçirilýär. Bergi kän bolýar. Banklar yrgyllap durýar. Bahalar pese gaçýar. Adamlar jaýlaryny ellerinden gidiriýäler, işsizlik ýokarlanýar. Eger-de şu simptomlar krizisiň sebäbi bolýan bolsa...

Eger-de hakyky problema pul ýetmezçiligi sebäpli kreditleriň gysylmagy bolsady, onda banklary halas ediş we mukdar taýdan aňsatlaşdyryş çäreleri arkaly töleg ediş mümkinçilikleriniň giňden ýola goýulmagy... ykdysadyýete goltgy bererdi.
Başymyzdan geçen, ýa-da Günbataryň başyndan geçen islendik krizisde üpjünçilik we talap herekete geçýärdi we gazanýardy. Açgöz kapitalistler birinji ara girýärlerdiler, yşaratlary görýärdiler, kimiň kyn ýagdaýdadygyny öwrenýärdiler. Çişirlen spekulýatiw bahalaryň ýarylmagyndan, zoraýak bizneslerden we işlemeýän ipoteklardan galan gazançly zatlary pes bahalar bilen arzan satyn alýardylar. Soňra bulara sebäp bolan ýetmezçilikleri düzedýärdiler.

Eger-de hakyky problema pul ýetmezçiligi sebäpli kreditleriň gysylmagy bolsady, onda banklary halas ediş we mukdar taýdan aňsatlaşdyryş (quantitative easing) çäreleri arkaly töleg ediş mümkinçilikleriniň (legal tender) giňden ýola goýulmagy, maliýe taýdan halas ediş planlary, Ýewropa Bileleşiginiň häzir edişi ýaly, mysal üçin, karz göterimleriniň derejesiniň peseldilmegi ykdysadyýete goltgy bererdi. Emma 2007-nji ýyldan bäri dört ýyl geçdi we çöküş boýunça adaty çäreleriň hiçisi işlemedi. Sebäbi adamlar karz berenok. Näme üçin karz berenok? Sebäbi hiç kim aslyýetinde kimiň pulsuzdygyny, kimiň töwekgelçilikdedigini we mümkinçlikleriň nirededigini bilenok.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Bileleşigi, aýratyn-da Gresiýa barada aýdylanda, tygşytlylyk çäreleri, şeýle hem Birleşen Ştatlarda soňky wagtlarda mukdar taýdan aňsatlaşdyryş çäreleri (Merkezi bankyň maliýe kagyzlaryny satyn almagy we öňünden kesgitlenen pul möçberini ykdysadyýete goýbermegi) öndürijilige tersmi ýa gowy netije berýän zatmy?

Hernando de Soto: Bu çäreleriň hemmesi simptomlar boýunça işleýär. Keseliň özi boýunça işlänok. Keseliň özi – hiç kimde ýeterlik maglumat ýokdugy üçin bu ýurtlarda maýa goýulmaýanlygy bilen baglanyşykly.

Şol sebäpden berilýän jogap şu: biz simptomy düzedýäris, ýöne onuň köküni gyramzok. Mukdar taýdan aňsatlaşdyryş çäreleri hem şu häsiýete eýe. Mukdar taýdan aňsatlaşdyrmak diýmek hususy maýanyň goýulmaly ýerine döwlet maýasynyň goýulmagy. Olar krizisiň köküni gyranok. Bu çäreleriň hemmesi wagtlaýyn zatlar.

Azatlyk Radiosy: Gresiýanyň ykdysadyýeti ýewro zonasyna degişli ykdysadyýetiň diňe 2%-i. Muňa garamazdan, grek krizisiniň Ýewropada, hatda dünýäde hem beýle uly alada döretmegine sebäp bolýan zat näme?

Hernando de Soto: Munuň sebabi Birleşen Ştatlarda aşaky bazaryň gymyldydan galyp, krizise getiren sebäpleri bilen deň. 2008-nji ýylda Birleşen Ştatlarda aşaky bazaryň 7 prosentiniň gowşandygy ýadyňyzdamy? Belli bolşy ýaly, Birleşen Ştatlarda garyplaryň mal-mülküniň 7%-i köp zat däl.

Ýöne bolýan zat Birleşen Ştatlarda şu 7%-iň ýa-da Gresiýa babatda siziň aýdyşyňyz ýaly, şu 2%-iň Fransiýanyň we Italiýanyň sanlyja bankynyňkydygy we bu banklaryň çökmek ähtimallygy. Munuň domino täsiri bar. Gresiýa batsa, ony goldaýan banklar hem batar diýip gorkulýar. Onsoň şol banklary goldaýan başga ýurtlaryň hem bar bolmagy mümkin. Munuň zyýany beýlekiler-de ýeter, muňa bolsa dowula düşmek diýilýär. Bir kiçi zadyň uly zada öwrülmeginiň sebäbi şu.

Azatlyk Radiosy: Germaniýanyň bu hatara degişli bolmazlygy mümkin. Ýöne Günbatarda köp ýurtlar ykdysadyýetlerini dikeltmek üçin kynçylyk çekýärkä, Hytaýyňky ýaly ýaňy ilerläp gelýän ykdysadyýetler dowamly ösmek bilen. Bu ykdysady deňagramlylygyň Gündogara tarap süýşýändigini görkezýärmi ýa olar hem kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolarlarmy?

Hernando de Soto: Ilerläp gelýän bazarlaryň 20 ýyl mundan ozalkysyndan indi güýçlüdigine şübhe ýok. Meniň pikirimçe, ilerläp gelýän bazarlaryň aglabasy Günbataryň belki asla görmedik ösüş derejesine ýetdi. Hatda Peru hem ýylda 10 prosentden ösýär.

Biziň Hytaý bilen bar bolan problemalarymyzyň biri – olar boýunça berilýän sanlarynyň näderejede dogrudygy ýa ýalňyşdygy.
Ýöne, biziň dünýä integrirlenendigimiz we global ykdysadyýetiň özara berk baglanyşygy sebäpli, ykdysady çöküşden sypara ýol ýok. Hytaýda öndürilýän, Hindistanda öndürilýän, biziň Latyn Amerikamyzda öndürilýän önümleri Günbatar satyn alýar.

Galyberse-de, men ilerläp gelýän ykdysadyýetleriň güýjüne çakdanaşa baha berilýär diýip, pikir edýärin. Biziň hem öz problemalarymyz bar. Biziň Hytaý bilen bar bolan problemalarymyzyň biri – olar boýunça berilýän sanlarynyň näderejede dogrudygy ýa ýalňyşdygy barada. Meniň pikirimçe, olar bazarlaryň başyny çekerler. Emma ilerläp barýan bazarlaryň köpüsiniň güýji Günbataryň çak edişi ýaly güýçli däl diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: "Uol Striti eýeläň" diýlip atlandyrylýan protestler, halkyň hökümetlere bolan gaharynyň barha artýandygy barada oýlananyňda, geljek bäş ýyllykda nämelere garaşmak bolar?

Hernando de Soto: Syýasy başagaýlyga garaşyp bolar. Güýçli protestler bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan, tutuş dünýädäki millionlarça adamyň girdejisini, maddy üpjünçiligini aşakladyp bilmeýäň.

Şol sebäpden biz uly syýasy öwrülişigi başdan geçireris. Hakykata dolanyp barýançak, örän uly düzedişleri girizmeli bolarys. Munuň hemişe syýasy netijeleri bolýar. Şonuň üçin bu düzedişleri mümkin bolan iň gysga wagtyň içinde durmuşa geçirmeli, batyrgaý syýasatçylar ähli günäni goňşy ýurtlaryň üstüne atjak bolman, bize şol düzedişleri nädip edip biljekdigimizi düşündirmeli. Bu işi etmesek, edil 1930-njy ýyllardaky ýaly, çaknyşyklara, sosial uruşlara, dürli milletleriň arasyndaky uruşlara ýol açarys.

Meniň pikirimçe, bu çöküşden sowlup geçere ýol ýok. Ýöne esasy sorag – ýere gonuşy hökümetiň gözegçiligi bilen ýumşak ýagdaýda amala aşyryp bolarmy ýa-da bu gödek gonuş bolarmy?
Meniň pikirimçe, bu çöküşden sowlup geçere ýol ýok. Ýöne esasy sorag – ýere gonuşy hökümetiň gözegçiligi bilen ýumşak ýagdaýda amala aşyryp bolarmy ýa-da bu gödek gonuş bolarmy? Ondan soňky sorag – Winston Çerçil, Franklin Delano Ruzwelt, Şarl de Göl ýaly adamlar bolarmy? Biziň häzirki liderlerimiziň biri başdan geçirýän pursatlarymyzyň agyrdygyny, emma bulardan baş alyp çykyp biljekdigimizi aýdyp, çöküş döwründe liderlik programmasyny hödürläp bilermi? Olar diňe bölekleýin düşündirişleriň ýerine, muny amala aşyrmaga milt edip bilerlermi?

Göreris. Geliň garaşyp göreliň – lider çykarmy ýa ýok. Emma bize hakykaty aýdyp biljek örän güýçli adam gerek. Ol hakykat bolsa, Günbataryň pulunyň gutarandygy, bergä batandygy we ýalan zatlaryň ýerine faktlary aýdýan kitaplaryň gerekdigi barada. Häzirki bar bolan sistema arkaly aman galyp bilerismi diýen soraga gelende, biraz mukdar taýdan aňsatlaşdyryş, biraz halas ediş we banklaryň batmagynyň öňüni alyş planlary bilen, meniň ynanjyma görä, muny başaryp bolmaz.
XS
SM
MD
LG