Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝHHG-niň Baş sekretary L. Zannier Aşgabatda boldy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze saýlanan Baş sekretary Lambert Zannier Aşgabatda, 3-nji noýabr.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze saýlanan Baş sekretary Lambert Zannier Aşgabatda, 3-nji noýabr.

3-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada sapara baran Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze saýlanan Baş sekretary Lambert Zannier bilen gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň habar serişdeleri bu gepleşikde käbir beýleki meseleler bilen birlikde, Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna ÝHHG-den synçylary gatnaşdyrmak meselesi barada-da gürrüň edilendigini habar berýärler.

ÝHHG-niň Baş Sekretary Lamberto Zannier bilen prezident Berdimuhamedowyň bu duşuşygy Aşgabatda ÝHHG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda gurnalan halkara energiýa forumyna-da gabat geldi.

Soňky wagtlar Ýewropa ýurtlary “Nabukko” proýektiniň üsti bilen Türkmenistandan tebigy gaz almak ugrundaky tagallalaryny has-da güýçlendirdiler. Bu wakalar bilen bir wagtda Türkmenistandaky ynsan hukuklary meselesi-de Günbataryň gün tertibinden aýrylmaýar.

Emma Türkmenistandan uly gaz resursyny almaga umyt edýän Ýewropa ynsan hukuklary bilen bagly Türkmenistandan edýän talaplarynda, şol sanda, Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly talaplarynda-da näderejede tutanýerlilik görkezerkä diýen sorag ýüze çykýar.

Bosgunlykda hereket edýän “Respublika” oppozision partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna ÝHHG-niň synçylarynyň goýberilen halatynda, synçylaryň kemçiliklere göz ýummajakdyklaryna ynanýandygyny aýtdy.

“Bular ýaly meselede ÝHHG-däki synçylar Ýewropanyň bähbidi üçin [kemçiliklere] göz ýumup duranoklar öz syn edýän ýurtlarynda. Şoňa görä-de, Türkmenistanda geçjek prezidentlik saýlawlaryna-da gatnaşsalar, olar gaz bähbidi üçin hakyky bar kemçiliklere göz ýummazlar diýip, pikir edýärin” diýip, Hanamow belledi.

Şu ýylyň iýul aýynda, Abadan wakasynyň yzýany eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow fewral aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň demokratik prinsipler esasynda geçiriljekdigini we oňa hatda oppozisiýanyň wekilleriniň-de gatnaşyp biljekdiklerini aýdypdy.

Yzy gelmedi

Emma daşary ýurtlarda hereket edýän käbir türkmen oppozisiýa wekilleri özleriniň bu saýlawlara gatnmaşmak barada eden resmi ýüzlenmelerine we haýyşlaryna häzire çenli Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hiç hili reaksiýa bildirmändiklerini aýdýarlar.

Oppozisiýa wekili Nurmuhammet Hanamow bu ýagdaýdan ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zannieriň hem habarlydygyny we prezident Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda onuň bu meseläni gozgandygyna ynanýandygyny aýtdy.

Ýöne, şeýle-de bolsa, adatça bolşy ýaly, bu gezek hem Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri ÝHHG-niň Baş sekretary bilen türkmen prezidentiniň arasynda bolan gepleşiklerde ynsan hukuklary ýa oppozisiýanyň saýlawlara gatnaşmak meselesi barada nähilidir bir gürrüň gozgalandygy barada hiç hili maglumat bermediler.

Hanamow bu ýagdaýyň hem özleri üçin geň däldigini belläp, şeýle diýdi: “Bu meselede Türkmenistanyň gylygy hemişe şeýle, ýagny häkimiýetler ‘ynha, bize gelip giden wekiller biziň alyp barýan ýolumyzy, biziň demokratiýamyzy, biziň ýurdumyzyň ösüşini öwdüler’ diýen ýaly ýalan maglumat ýaýradýarlar. Bu birinji gezek bolýan zat däl”.

Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir halkara guramalar soňky ýyllar öz hasabatlarynda Türkmenistany ynsan hukuklary meselesinde dünýäniň iň ýaramaz ýurtlary bolan Demirgazyk Koreýa, Eritreýa we Birma ýaly ýurtlaryň hatarynda goýup gelýärler.
XS
SM
MD
LG