Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ildeşleriniň Gurban baýramyny gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan Altyn asyr» internet saýtynyň rusça sahapasynda ildeşlerini gurban baýramy bilen gutlady.

Sowet ýyllarynda döwlet tarapyndan känbir oňlanmadyk Gurbanlyk Türkmenistanda döwlet derejesinde, üç günläp baýram edilýär.

Prezidentiň musulman äleminde giňden bellenýän Gurban baýramy mynasybetli rus dilinde çap edilen ýüzlenmesinde Gurbanlyk günlerinde berlen sadaklaryň Alla dergähinde kabul bolmagy, haýyrly doga-dilegleriň we iň gowy arzuwlaryň eşidilmegi arzuw edilýär.

Şeýle-de gutlagda bu ýyl Türkmenistandan Mekgä we Medinä 186 adamyň haj zyýaratyna gidendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG