Sepleriň elýeterliligi

Şanhaý hyzmatdaşlygy ýurtlarynyň premýerleri duşuşýar


Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň premýer-ministrleri şu gün Orsýetiň Sank-Peterburg şäherinde duşuşýarlar.

Bu duşuşykda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen onuň hytaýly kärdeşi Wen Jiabonyň, pakistanly kärdeşi Ýusuf Raza Gilaniniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem bolmagyna garaşylýar.

10 ýyl mundan öň Hytaýyň Şanhaý şäherinde döredilen hyzmatdaşlyk guramasy Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlary howpsuzlyk we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin özünde jemleýär.

Mongoliýa, Hindistan, Eýran we Pakistan ýaly ýurtlaryň bolsa bu guramada resmi synçy durumy bar we olar oňa goşulmaga çalyşýar.

Owganystanyň, Türkmenistanyň, Belarusyň we Şri Lankanyň hem Şanhaý toparyna formal ilteşigi bar.
XS
SM
MD
LG