Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň premýer-ministri işden çekildi


Gresiýanyň prezidentiniň edarasy premýer-ministr Georg Papendreunyň işden çekilmäge razylyk berendigini we syýasy liderleriň syýasy krizisi soňlajak ylalaşyk hökümetini döretmek üçin duşuşjagyny aýtdy.

Bu ylalaşyga Papandreu bilen esasy oppozisiýa lideri Antonis Samarasyň we prezident Karolos Papouliasyň arasynda bolan iki sagada golaý gepleşikden soň gelnipdir.

Prezidentiň edarasynyň beýanatynda Ýewropa Geňeşiniň 26-njy oktýabrda kabul eden karary tassyk edilenden soň ýurtda derhal saýlaw geçirjek täze hökümet düzmek barada ylalaşyga gelnendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG