Sepleriň elýeterliligi

Muşarraf owgan lideri Pakistanyň kömeginden ýüz öwürdi diýýär


Pakistanyň öňki lideri Perwez Muşarraf owgan prezidenti Hamid Karzaýy Hindistan bilen tälim ýaranlygyny guranlygy üçin tankyt etdi. Ol Yslamabadyň Kabula şeýle kömegi teklip edendigini, emma bu kömekden ýüz öwrülendigini aýtdy.

Muşarraf CNN-de, Farid Zakariýanyň GPS programmasynda çykyş etdi. 2001-2008-nji ýyllar aralygynda ilki Pakistanyň harby diktatory, soň graždan prezidenti bolan Muşarraf özüniň Karzaýa adamlaryny Nýu-Delä däl-de, Yslamabada ibermegini maslahat berendigini aýtdy.

Ol Owganystandaky amerikan goşunlaryny çykarmagyň 2014-nji ýylda tamamlanmagy baradaky kararyň Karzaýy Hindistana golaýrak durmaga itekländigini aýtdy.

Hindistan uruşdan tozan Owganystana 2 millard dollar gowrak kömek berdi we şu aýyň başynda Karzaý bilen strategiki partnýorlyk şertnamasyna gol çekdi.
XS
SM
MD
LG