Sepleriň elýeterliligi

Tähran HAEG-niň hasabaty “toslama” esaslanýar diýýär


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi ýekşenbe güni çap edilen belliklerinde Halkara atom energiýasy gullugynyň Eýranyň ýadro programmasy barada çap etjek hasabaty “toslama” esaslanýar diýdi.

Gürrüňi edilýän hasabatyň 8-nji ýa-da 9-njy noýabrda HAEG-niň agza ýurtlaryna ýaýradylmagyna garaşylýar.

Günbatarly bir diplomat bu hasabatda Tähranyň ýadro ýaraglary babatdaky ylmy barlaglary hakda bir topar subutnamanyň bardygyny we Eýranyň olary “toslama” hökmünde inkär etmeginiň kyn boljagyny aýtdy.

Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres şenbe güni giçlik Eýrana garşy hüjüm etmek ähtimallygynyň barha çynyrgaýandygyny, sebäbi “Tähran ýadro ýaragyny edinmäge taýýar” diýen maglumatyň alada goýýandygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG