Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zyýarat we zyýaratçylar


Gözliatada, 2011-nji ýylyň oktýabr aýy.
Gözliatada, 2011-nji ýylyň oktýabr aýy.
Türkmenistanyň raýatlaryna mukaddes saýylýan ýerlere zyýarata barmaga Garaşsyzlyk ýyllygynda ýol açyldy. Sowetler döwründe Türkmenistanda diňe dört öwlüýä, ýagny dört metjit açyk saýylýardy. Häzirki wagtda Saud Arabystanyna gidip, Mekge zyýaratyna baryp gelmekden başlap, ýurduň öz içindäki mukaddes saýylýan ýa-da öwlüýä hasaplanýan ähli ýerlere bagmaga doly şert bar. Zyýarat etjekler bu mümkinçilikden peýdalanýarlar. Ilatyň oturymly ýerlerinden gaty uzakda bolan Ärsarybaba ýa-da Gözliata ýaly ýerlere-de zyýarata gidýärler.

Golaýda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Gözliatada boldy. Hudaýberdi Hally onuň bilen söhbetdeş boldy.

H. Hally: Soltan, Mazara zyýarat etmek, ýagny mazaryň daşyndan aýlanmak, mazary togap etmek, mazardan bir zat, perzent ýa-da saglyk dilemek dinde bidät hasaplanýar. Ol dinde ýok. Öwlüýä zyýarat etmek Allanyň ýa-da pygamberiň buýrugy däl. Siz muňa nähili garaýaňyz?

S. Açylowa: Häzirki ýaşuly nesil sowet terbiýesini alan adamlar. Olarda din sowady ýok diýen ýaly. Her kim öz ynanjyna görä hereket edýär. Olar mazara zyýarat etmegi bidät, ýagny ýalňyş hereket diýip düşünmeýärler. Meniň tanaýan adamlarym: “Mekgä zyýarat edip bilmeseň, öz mümkinçiligiň bolan öwlüýälere, keramatly ýerlere ýedi gezek zyýarat etseň, Mekgä gidip gelen ýaly” diýýärler. Şeýle düşünje haýsydyt bir dini wekil tarapyndan ýaýradylan bolmaly.

H. Hally: Indi şol mazarlaryň üstünde, keramatly ýerlerde bolan dini wekiller bu işiň bidät hereketdigi barasynda aýtmaýarlarmy?

S. Açylowa: Ol ýerdäki dini wekiller beýle wagyz-nesihat etmeýärler. Özüňi gyzyklandyrýan soraglary berseň, olar jogap berýärler. Soramasaň, haýsydyr bir zady gürrüň berjek bolup oturan ýok. Türkmen aýallary ol ýerlere saçakly gidýärler. Saçaga çörek, köke-süýji salýarlar. Üstüne mata, gyňaç, ýaglyk ýa-da pul goýýarlar. Özleriniň göwün-isleglerine ýetmekleri üçin, keramatly şahsyň adyndan, doga okap bermeklerini soraýarlar. Olaryň haýyşy ýerine ýetirilýär. Zyýaratçylar üýşüp, dowar satyn alyp, ol ýerde tagam-nahar taýynlaýarlar. Men ol ýeriniň şyhyna bidät hereket baradaky soragy berdim. Ol: “Mazara zyýarat etmek bidät däl. Alla Tagala öz ýüregiňdäki ynanjyňa görä hereket et diýipdir. Mazary depelemän zyýarat edibermeli” diýdi.

H. Hally: Bu barada zyýaratçylar bilen gürrüňdeş bolduňyzmy?

S. Açylowa: Olarda şeýle ynanç hem düşünje bar, hatda haýsydyr bir dileginiň hasyl bolany üçin, öz zyýaratynyň sebäp bolandygyna ynanýan adamlara men köp duşýan. Olar soňra ol ýere baryp, minnetdarlyk sadakysyny berýärler.

Gözliatada, 2011-nji ýylyň oktýabr aýy.
Gözliatada, 2011-nji ýylyň oktýabr aýy.
H. Hally: Zyýarata gitmegiň aýratyn şerti barmy? Adamlar şeýle uzak ýerlere zyýarata nähili barýarlar?

S. Açylowa: Etraplardan ýörite 15 adamlyk marşrut maşynlary, 40-50 adam bolup, uly awtobuslary kireýine tutup barýarlar. Öz hususy awtoulaglarynda maşgala bolup barýanlaram kän. Gözliata barada aýdanymyzda, 1991-nji ýyldan soň her ýylyň 6-nji oktýabrynda, Ýatlama güni ol ýerde sadaka bermek barada karar kabul edilipdir. Welaýat merkezi Balkanabat şäherinden, Gözliata çenli 200 km. golaý. Şol ýoluň dowamy soň Gyzylgaýa çenli barýar. 6-njy oktýabrda ol ýere müňlerçe adam baryp sadaka berýärler.

H. Hally: Zyýaratçylaryň arasynda Gözliata barada nähili rowaýat bar?

S. Açylowa: Il arasyndaky rowaýata görä, Gözliata derwiş eşigini geýip, il içine aýlanyp ýörkä, ýanlyk ýaýyp duran bir baý gazak gyzyna duş gelipdir. Ol bir okara çal sorapdyr. Gazak gyzy oňa çal uzadypdyr. Gözliata çaly içip: “çeşmesine bereket!” diýip gidiberipdir. Soňra gazak gyzyň ýanlygy ýaýylman, durşuna ýaga öwrülipdir. Ol muny kakasyna aýdypdyr. Kakasy ol geleniň ýönekeý adam däldigini aňyp, hyzmatkärlerine derwişi ýanyna getirmegi buýrupdyr. Baý gazak onuň bilen söhbetdeş bolup, onuň akyl-paýhasyna hormat goýup, oňa öz gyzyny nikalap beripdir. Olar bagtly durmuşda ömür sürüpdirler. Olaryň iki gyzy, üç ogly bolupdyr. Onuň uly gyzy Ärsarybabanyň, kiçi gyzy Gerkez gäbiň aýaly ekeni. Ogullary Nurata, Ybraýymata, Omarata dagydan ýaýran nesiller Balkan sebitlerinde, Garagalpagystanda ýaşaýarlar. Uly ogly Gaýtarmyşata adyny alypdyr. Onuň mazary Gözliatadan 40 km. gaýrada ýerleşýär.

H. Hally: Ol ýerde zyýaratçylar üçin şert barmy?

S. Açylowa: Haýyr-sahabat hem sadaka günleri ol ýere telekeçiler baryp söwda edýärler. Gözliatanyň mifiki portreti çekilipdir. Zyýaratçylar ol surat-porteri höwes bilen satyn alýarlar.

Goşmaça maglumat:

Gözliata – demirgazyk Balkanda ýerleşýän belli öwlüýä we şol ýerdäki obanyň ady. Ol ýerde Hoja Ahmet Ýasawynyň taglymatyny dowam etdiriji Ahsan, ýagny Hasan şyhyň mazary bar. Çarwa türkmenler oňa görgür, öňden görýän diýen manyda Gözliata diýen at beripdirler. Balkan sebitlerinde ýaşaýan atalaryň bir bölegi ony öz tirebaşysy hasaplaýar. Onuň ýaşan döwri 14-nji asyr, ýöne käbir çeşmelerde has irkiräk seneler hem getirilýär. Bu şahs hem onuň atalar bilen baglanyşygy baradaky doly maglumat Sergeý Demidowyň “Türkmenskiýe owlýady” Aşgabat. “Ylym” neşirýaty. 1976, - diýen işiň 140-148-nji sahypalarynda berilýär.
XS
SM
MD
LG