Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň internet saýtlary "tehniki näsazlyk" zerarly işini togtatdy


Ýekşenbe güni Ysraýylyň internet saýtlarynyň bir topary işini togtatdy. Hökümet munuň sebäbini tehniki näsazlyk bilen düşündirdi.

Harbylaryň sözçüsi işini togtadan internet saýtlarynyň arasynda Mossad we Şin Bet aňtaw gululklarynyň internet saýtlarynyň hem bardygyny aýtdy.

Ysraýyl hökümeti bu wakanyň palestina tarapdar hakerleriň elektron hüjümleriniň netijesidigi baradaky gep-gürrüňlere jogap hökmünde, bu problemanyň elektron hüjümi däl-de, diňe “tehniki näsazlykdagyny” aýdyp, ýörite beýanat ýaýratdy.

Beýanatda bu problemanyň häzir ekspertler bilen çözülýändigi hem habar berildi.
XS
SM
MD
LG