Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurban baýramy bellenip başlandy


Gurban baýramy şu ýyl 7-8-9-nji noýabr günleri dowam eder.
Gurban baýramy şu ýyl 7-8-9-nji noýabr günleri dowam eder.
Bu gün Türkmenistanda Gurban baýramy bellenip başlandy. Garaşsyzlyk ýyllary resmi baýramlaryň sanawyna girizilen Gurban baýramy şu ýyl 7-8-9-nji noýabr günleri dowam eder. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji noýabrda geçiren hökümet maslahatynda şol günleriň iş güni däldigini ýatlatdy.

Gurban baýramynyň duşenbe güni bellenip başlanyşy barada Nazar Hudaýberdi Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Osman, şu ýyl Türkmenistanda Gurban baýramy nähili başlandy?

Osman Hallyýew: Şu gün irden baýram namazynyň okalmagy bilen baýramyçylyk başlandy. Güýçli ýagyş ýagyp, howanyň sowandygyna garamazdan, metjitlere barýan adamlaryň sany gaty köp boldy. Käbir metjitlerde içerden ýer etmän, daşarda ýagşyň aşagynda durup, namaz okanlaram boldy.

Azatlyk Radiosy: Gurban baýramynyň bellenişinde öňki ýyllar bilen dereňeşdirilende nähili tapawutlar bar şu ýyl?

Osman Hallyýew: Birinjiden, geçen ýyllardaky bilen deňeşdirilende, namaza barýan adamlaryň sany köp. Onsoňam gurbanlyk üçin janly öldürýänleriň sanam köpelip barýar ýyl-ýyldan. Her bir hojalyk, her bir maşgala janly soýup, gurbanlyk bellejek bolup aladalanýar. Ine, şu tapawutlar bar.

Azatlyk Radiosy: Adamlaryň ählisinde mümkinçilik barmy gurbanlyk üçin mal soýmaga?

Osman Hallyýew: Maşgalalaryň ählisinde mümkinçilik ýok goýun ýa geçi soýmaga. Soňky üç-dört aýyň dowamynda etiň bahasy gaty galdy, malyň bahasam, elbetde, şonuň ýaly galdy. Geçen ýyl bilen deňeşdirsek, mysal üçin, geçen ýyl bir geçiniň bahasy 200 manat, gurbanlyga ýaramly goýnuňky 300 manat bolan bolsa, häzir geçiniňki 300, goýnuňky 400-500 manat ($140-$175). Şonuň üçin her bir maşgalada gurbanlyk üçin mal soýmaga mümkinçilik bar diýip aýdyp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Baýramçylyk günleri beýleki azyk önümleriniň bahasy, elýeterliligi nähili?

Osman Hallyýew: Azyk önümleriniň islendik görnüşini bazarlardan tapyp bolýar. Bir mahalky ýaly gytçylyk-defisit ýok. Ýöne bahalary gaty gymmat. Ýöne birneme tüwi arzanlady. Häzir ony orup, çykaryp, satyp otyrlar. Şonuň bahasy arzan. Emma ösümlik ýagynyň bahasy üç-dört aý mundan öňki bilen deňeşdirilende, 30-40% dagy gymmatlady. Unuň bahasam şonuň ýaly. Kerkide 50 kilogramlyk bir halta uny 400 [müň] manatdan satyn aldyk diýdiler (köne pulda). Şol un Halaçda 600 [müň] manat ($40-dan gowrak), şol bahadanam tapmak kyn diýýärler. Gurbanlyk diňe bir janly bilen bolmaýar, oňa çöregem ýapmak gerek. Ine, bahalar şunuň ýaly.

Azatlyk Radiosy: Gurban baýramy nähili dabaralar bilen bellenýär?

Osman Hallyýew: Yslama uýýan beýleki halklardan tapawutlylykda, türkmenleriň arasynda meýdançalarda hiňňildikler gurulýar. Beýleki goňşy türki halklarda ýok şu düzgün. Gurbanlykda hiňňildik uçsaň, ýylyň dowamynda eden günäleriň dökülýär diýen ynanç bar türkmenlerde. Onsoň howa gowy bolsa, mümkinçilik bolsa, bu ýyl-a ýagyş ýagyp dur, milli türkmen sport oýunlary – göreş, ýaglyga towusmak, at çapdyrmak ýaly bäsdeşlikler geçen ýyllarda geçirilýärdi. Bu ýyl ertir-birigün howa açylsa, şonda geçirmeseler, şu gün hiňňildik uçýan ýok. Howa sowap, ýagyş ýagyp dur. Garam uçganaklap başlady.

Azatlyk Radiosy: Osman, diňleýjilerimizi we okyjylarymyzy, şol sanda sizi Gurban baýramy bilen gutlaýarys. Ýene-de köp Gurban baýramlaryny bellemek nesip etsin.

Osman Hallyýew: Köp sag boluň!
XS
SM
MD
LG