Sepleriň elýeterliligi

Bişkegiň eýelejek içerki we daşarky syýasaty barada


Almazbek Atambaýew berlen sesleriň 60% töweregini alyp, ýeňiş gazandy.

Almazbek Atambaýew berlen sesleriň 60% töweregini alyp, ýeňiş gazandy.

Gyrgyzystanda 30-njy oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda öňki premýer-ministr Almazbek Atambaýew berlen sesleriň 60% töweregini alyp, ýeňiş gazandy. Saylawlar, umuman aýdylanda, parahatçylykly ýagdaýda geçirildi. Emma saýlawlardan soňra Atambaýewiň Gyrgyzystanda ýerleşýän amerikan harby bazasy barada eden çykyşy, ýurduň daşary syýasaty hakda käbir soraglary döretdi.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Atambaýewiň ýolbaşçylygynda Bişkegiň eýelemegi mümkin içerki we daşarky syýasaty barada düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Amerikanyň howpsuzlyk proýekti” atly edaranyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça alymy Joşua Foust bilen söhbetdeş boldy.

Joşua Foust şol saýlawlaryň öň ýanynda Gyrgyzystanda, esasanam Oş welaýatynda bolup, ýerli aktiwistler we graždan jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyp, dürli ylmy derňewleri geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz ýakynda geçirilen saýlawlaryň öňüsyrasynda iş sapary bilen Gyrgyzystanda bolduňyz. Atambaýewiň saýlawlarda ýeňiş gazanmagy sizi geň galdyrdymy?

Joşua Foust: Ýok, Atambaýewiň saylawlarda ýeňiş gazanmagyna o diýen geň galar ýaly zat ýok. Ses berişlik bolmazdan ozal hem onuň üstünlik gazanmagyna garaşylýardy. Sebäbi Atambaýew beýleki kandidatlar bilen deňeşdirilende, baýlygy hem saýlaw kampaniýasy boýunça iň guramaçylykly iş alyp barýan kandidatlardan biridi. Şol sebäpden onuň ýeňiş gazanmagynda o diýen geň galarlykly zat ýok.

Azatlyk Radiosy: Atambaýewiň ýeniş gazanmagy Oşda bolan çaknyşyklardan soňra regionda dowam edýän dartgynlylyk nukdaýnazaryndan nämani aňladýar?

Joşua Foust

Joşua Foust

Joşua Foust: Ýurduň günortasynda dartgynlylyk henizem dowam edýär. Men geçen aý Oşda boldum, maksadym ýerli telekeçiler hem graždan jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirmekden ybaratdy.

Regionda mundan beýläk näme bolar diýlen meselede halk arasynda uly alada bar. Beýleki iki kandidat, ýagny jenap Taşiýew we Madomarow dagylar öz kampaniýalaryny etniki milletçilik esasynda alyp barýardylar.

Mundan üç hepde ozal Taşyýewi goldaýanlar tarapyndan geçirilen bir üýşmeleňe gatnaşmaga mümkinçiligim bolupdy. Şol üýşmeleňde “Gyrgyzystan gyrgyzlar üçindir, bu biziň topragymyz!” diýen ýaly şygarlar ýazylan listowkalara gözüm düşüpdi. Şeýle ýagdaýlar nazara alnanda, eger bu dartgynlylyk barha möwjese, ol has ulalyp, gaýtadan çaknyşyklaryň başlanmagyna getirip biler diýlen aladalar bar.

Azatlyk Radiosy: Atambaýewiň Oşdaky bu dartgynlylyga garaýşy nähili?

Joşua Foust: Bu barada haýsydyr bir çap edilen maglumat gözüme ilmedi, emma Oşdaky özbekleriň aýtmagyna görä, Atambaýew ýeňiş gazanan ýagdaýynda syýasy tussaglaryň boşadyljakdygyny wada beripdir.

Syýasy bendiler diýlende, özbekler tarapyndan syýasy bendiler diýlip hasaplanýan hem iýun aýynda Oşda bolan wakalardan soňra tussag edilen adamlar göz öňünde tutulýar. Atambaýewiň bu meselede aýdan pikirleriniň maksady regionda dowam edýän dartgynlygy we özbekleriň gabawda saklanýanlygy baradaky howatyrlanmalary köşeşdirmekden ybarat bolmaly.

Meniň pikirimçe esasy zat: mundan beýläk Atambaýewiň nähili ädim ätjegidir. Meselem, ol beren wadalarynda tapylarmy ýa-da Bişkekdäki adaty parlament hem kanuny meselelere çolaşyp galarmy?

Azatlyk Radiosy: Siz beýleki kandidatlar bilen deňeşdirilende, Atambaýewiň Oşdaky şol dartgynlygy çözmek mümkinçiligi has ýokary diýip, pikir edýärsiňiz, şeýlemi?

Joşua Foust: Problemalary çözmek diylen zat juda güýçli söz, men şol problemanyň häzirki ýagdaýda çözlüp bilinjekdigine ynanmaýaryn. Emma Atambaýew şol dartgynlygy köşeşdirmäge ukyby bolan ýolbaşçylardan biri. Meniň pikirimçe, häzirki döwürde dartgynlygy diňe köşeşdirip bolar diýen umyt bar, ony çözmek kyn.

Oşda bolup geçen wakalaryň ençeme sebäbi bardy. Olaryň arasynda elitanyň regiondaky biznesleri öz eýeçiligine geçirmäge synanyşmagy, etniki dartgynlylyk, şeýle-de halk arasyndaky nägilelikler ýaly meseleler bar. Sebäbi soňky birnäçe ýyldan bäri halkyň girdejisiniň möçberi barha azalýardy, bu tendensiýanyň üstümizdäki ýyl hem dowam etmegi mümkin. Netijede ençeme problemalaryň jemlenmegi şeýle dartgynlygyň emele gelmegine sebäp boldy.

Men Atambaýewiň diňe özi bu problemalaryň hötdesinden gelip biler diýip, pikir edemok. Emma ol dartgynlygy azaldyp biler, bu hem öz nobatynda çaknyşyklaryň gaýtadan bolmak mümkinçiligini kemelder.

Azatlyk Radiosy: Atambaýew ýakynda ABŞ-nyň Manasdaky harby bazasy we harbylary barada hem gürrüň edip, ol özüniň şol harbylaryň ýurtda galmagyny dowam etdirmegine garşydygyny aýtdy, siz onuň bu pikirine nähili baha berýärsiňiz?

Joşua Foust: Meniň pikirimçe, ol hakykatdan hem ABŞ-nyň Manasdaky harby bazasynyň problema döredýänligine ynanýar. Atambaýew bilen bilelikde ençeme beýleki gyrgyz syýasy ýolbaşçylary hem bu barada ençeme ýyldan bäri gürrüň edip gelýärler. Emma olardan hiç biri hem Manasyň boşadylmagy baradaky duýduryşlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak barada çynlakaý ädim ätmediler.

Bu waka nähili başlap, nähili gutarýar diýseňiz, hökümeti dolandyrýan ýolbaşçylar şol baza barada şikaýat edip başlaýarlar, ondan soň baza üçin ABŞ tarapyndan tölenýän töleg artdyrylýar, netijede olaryň şikaýatlary ýene köşeşýär.

Atambaýew bu baza barada öz nägileligini bildirip, çykyş edenden soň, meniň pikirimçe, mundan bolaýjak zat – Waşington bilen Bişkegiň arasynda gaýtadan gepleşikleriň başlanmagydyr. ABŞ bu baza tölenýän tölegini artdyran halatynda, men bu iki ýurduň gatnaşygynda o diýen uly özgerişlik bolar öýdüp, pikir edemok.

Azatlyk Radiosy: Onda Manas baradaky bu gürrüňiň gaýta-gaýta gozgalmagynyň sebäbi Gyrgyzystanyň ABŞ bilen hyzmatdaşlykda has köp girdeji gazanmagy bilen baglymy?

Joşua Foust: Meniň pikirimçe bu şikaýatlaryň maksady gazanç etmäge gönükdirilen däl. Ýagny, olaryň ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky harbylary barada edýän şikaýatlarynyň töleg boýunça-da sebäpleri bar. Emma Waşingtonyň bu şikaýatlara jogap bermek üçin saýlap alan ýoly – Manas bazasy boýunça Gyrgyzystana berýän maliýe kompensasiýasynyň möçberini artdyrmakdan ybarat bolup galýar.

Bu syýasat şu güne çenli täsirli boldy diýlip hasaplanýar. Emma bu gezek şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda, ABŞ-nyň hökümetiniň Gyrgyzystana ýeterlik maliýe kompensasiýa bermek mümkinçiligi ýok.

Ýöne men şeýle ýagdaý dörär öýdemok, sebäbi Atambaýew Orsýeti goldaýan syýasatçy bolsa-da, ol ABŞ-a garşy däl. Men ýagdaý, uly problema öwrülmezden, gysga möhletde çözler diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Onda Atambaýew ýa beýleki gyrgyz ýolbaşçylarynyň bu meseläni gaýta-gaýta gozgamagynyň sebäbi nämedekä?

Joşua Foust: ABŞ-nyň harby bazasy uzak wagtdan bäri jedelli bir mesele bolup gelýär. ABŞ-nyň şol bazada ýerleşýän harbylarynyň özüni alyp barşy bilen bagly hem dürli negatiw wakalar bolup geçdi. Hatda bir gezek şeýle bir waka-da bolupdy, ýagny amerikan raýaty dahylly diýilýän hadysada Gyrgyzystanyň bir raýaty heläk bolupdy.

Mundan birnäçe wagt ozal ýene bir waka ýüze çykypdy: şol bazadaky amerikan howa güýçleriniň piloty belli bir wagtlyk ýitirim boldy. Amerikalylar bu wakada gyrgyzlaryň rolunyň bardygyny aýdansoň, uly dawa döräpdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Gyrgyzystanda bu baza bilen ilteşigi bolan hem korrumpirlenen biznese Bakyýewiň maşgala agzalarynyň dahylynyň bardygy hakda halk arasynda gürrüň kän. Şol myş-myşlarda bu meseläniň Amerika degişli tarapynyň bardygy, sebäbi Waşingtonyň Bakyýewiň maşgalasy bilen gatnaşyklydygy hem şol bazanyň Amerika tarapyndan dolandyrylýanlygy aýratyn nygalýar.

Şonuň bilen birlikde müňlerçe amerikan harbysynyň Gyrgyzystanyň territoriýasynda ýerleşmegine halk arasynda hem nägilelikde bar. Ýagny, şol esgerleriň Gyrgyzystanda ýerleşmegi hemmeleriň göwnüne jay däl.

Bu baza baradaky meseläniň gaýta-gaýta gün tertibine girizilmeginiň sebäpleriniň ýene biri-de – Gyrgyzystanyň haýsy ýurt bilen has ýakyn aragatnaşykda bolmak isleýänligi bilen bagly.

Bellemeli zatlardan biri, Orsýetiň Gyrgyzystandaky täsiri örän güýçli. Orsýete sapar edýän gyrgyzlaryň sany köp, olar juda erkin ýagdaýda Orsýete baryp gelýärler. Şeýle-de olaryň Amerika bilen deňeşdirilende Orsýete has ýakyn bolmak isleýän bolmagy hem mümkin. Şol bir wagtyň özünde-de gyrgyzlaryň uzakda ýerleşýän güýç bilen deňeşdirilende öz ýakynlarynda ýerleşýän güýçli ýurt bilen has aktiw gatnaşykda bolmak isleýän bolmagy hem mümkin.
XS
SM
MD
LG