Sepleriň elýeterliligi

Gazak partlamalary bilen baglanyşykly üç adam tussag edildi


Şu gün Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau oblastynda geçen hepde amala aşyrylan partlamalar bilen baglanyşykly üç adam tussag edildi.

Atyrau oblast prokuraturasy bu tussag edilen adamlaryň şu oblast merkezinde 31-nji oktýabrda amala aşyrylan iki sany partlamany gurnanlykda aýyplanýandyklaryny mälim etdi. Emma prokuratura häzirlikçe bu aýyplanýanlaryň şahsyýetini aýan etmedi.

Prokuraturanyň resmileri şol partlamalardan birinde bu partlamany gurnaýjylardan biriniň, ýagny, 23 ýaşly Baurjan Sultangaliýewiň tötänleýin partlama netijesinde ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG