Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: Eýrana hüjüm «örän çynlakaý ýalňyşlyk» boljar


Şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýrana garşy nähilidir bir harby hüjümiň amala aşyrylmagynyň «örän çynlakaý ýalňyşlyk» boljakdygyny nygtap, çykyş etdi.

Onuň bu çykyşynyň öňýany Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres Eýrana garşy hüjüm edilmek ähtimallygynyň kem-kem artýandygyny aýdypdy.

Bu wakalaryň fonunda şu hepde BMG-niň Halkara atom agentligi Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly düýpli maglumat beriji ýörite hasabat ýaýradar diýlip garaşylýar.

Soňky wagtlar Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ysraýyl Eýranyň ýadro nokatlaryna garşy takyk hüjümleriň amala aşyrylmagynyň mümkindigini duýduryp gelýärler.
XS
SM
MD
LG