Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Timoşenko garşy täze jenaýat işi gozgaldy


Şu gün Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň aklawçysy Timoşenko garşy prokuratura tarapyndan resmi ýagdaýda täze jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

Adwokat Sergeý Wlasenkonyň aýtmagyna görä, Timoşenko garşy gozgalan jenaýat işi salgyt tölegleri hem-de tebigy gazyň importy bilen baglanyşykly dört sany jenaýat aýyplamasyny öz içine alýar.

Ýakynda, oktýabr aýynda Kiýewiň sudy Ýuliýa Timoşenkony 2009-njy ýylda Orsýet bilen gol çekilen tebigy gaz söwdasy baradaky ylalaşykda öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda günäli tapyp, ony 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Timoşenkonyň özi bu bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan ar alyjylykly çäre diýip häsiýetlendirýär.
XS
SM
MD
LG