Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň premýeri wezipesinden çekilmäge razy


Şu gün Gresiýanyň parlament deputatlary ýurduň täze premýer-ministrini saýlamak meselesi boýunça ýörite ses berişlik geçirmekligi planlaşdyrýarlar.

Häzirki hökümet başlygy Jorj Papandreou öz wezipesinden çekilmäge razylygyny berensoň, indiki saýlanjak premýer-ministr wagtlaýyn hökümeti düzüp, indiki parlament saýlawlaryna çenli şoňa ýolbaşçylyk eder.

Hökümet strukturasyny täzelemek baradaky bu gyssagly çäreler Gresiýadaky adatdan daşary kyn maliýe krizisi bilen baglanyşykly ýüze çykdy.

Premýer-ministriň wezipesine dalaş etjek kandidatlaryň hatarynda ýurduň häzirki maliýe ministri Ewangelos Wenizelos bilen Ýewropanyň Merkezi Bankynyň başlygynyň ozalky orunbasary Lukas Papademos iň esasy kandidatlar hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG