Sepleriň elýeterliligi

Ukrain şäherinde Staliniň täze heýkeli dikildi


Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky bir şäherde sowet diktatory Iosif Staliniň hormatyna dikilen täze heýkeliň açylyşy boldy.

Bu heýkel milletçiler tarapyndan partladylandyr öýdülýän öňki heýkeliň ýerine dikeldildi.

Zaporožýe şäherinde açylan täze heýkeliň dabarasyna müň çemesi adam, esasan rus dilinde gepleýän ilat gatnaşdy.

Ukrian milletçileri üçin Stalin ýigrenji bir adam, olar ony “holodomor” atly aýylganç açlykda millionlap adamyň ölmegine getiren zorlukly kollektiwleşdirme syýasatynda günäleýärler.
XS
SM
MD
LG