Sepleriň elýeterliligi

Owgan ýer titremesi Hindiguş daglaryny sarsdyrdy


Owganystanyň demirgazygynda bolan 5,5 ball güýjündäki ýer yranmasy Hindiguş daglaryny sarsdyrdy. Ýöne ol ýerden ýeten zyýan ýa-da ölen-ýiten barada habar eşidilmedi.

Birleşen Ştatlaryň Geologiki barlagy ýer yranmasynyň episentriniň Badahşan welaýatynyň günorta çetinde, Kabuldan 280 km demirgazyk-gündogarda bolandygyny aýdýar.

Owganystanyň paýtagtynda bu ýer yranmasy 15 sekunt çemesi duýlupdyr.

Badahşan welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Raşk özleriniň entek ýeten zyýan barada hiç bir habar almandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG