Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Eýranyň ýadro obýektlerine hüjüm edilmeli däldigini duýdurýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýranyň ýadro obýektlerine harby zarba urulsa, bu “örän çynlakaý ýalňyşlyk” bolar diýip duýdurdy.

Emma Germaniýa şu aralykda özüniň Eýrana ýadro programmasy baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin has uly syýasy we diplomatiki basyşlaryň edilmegine çagyrmakçydygyny aýtdy.

Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres altynjy gün Eýrana garşy hüjüm edilmek ähtimallygy barha çynyrgaýan ýaly görünýär diýdi. Bu duýduryş BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň Eýranyň ýadro programmasy barada çap etjek hasabatynyň öňüsyrasy edildi.

Ak tamyň sözçüsi Jeý Karniý birinji gün Eýranyň ýadro programmasy barada çap ediljek hasabatdan söz açyp, şeýle diýdi: “Men entek çykmadyk hasabat barada öňünden bir zat aýtmak islemeýärin. Meniň size aýdyp biljek zadym, biz bu hasabatyň Eýranyň ýadro çemeleşmesi we özüniň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmezligi barada öňden aýdyp gelýän zatlarymyzy gaýtalamagyna we berkitmegine garaşýarys. Onsoň bu, meniň pikirime görä, biziň Eýranyň ýadro programmasy baradaky aladalarymyzy gaýtalar”.
XS
SM
MD
LG