Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grek bäsdeşleri häkimiýet ylalaşygyna gelmäge çalyşýarlar


Gresiýanyň esasy iki syýasy partiýasynyň krizis uran ýurdy petikden çykarjak we ýetip gelýän çökgünlikden halas etjek geçiş premýer-ministri barada ylalaşyga gelendigi aýdylýar.

Döwlet telewideniýesi NET täze premýer-ministriň adynyň täze hökümetiň agzalarynyň atlary bilen ikinji gün aýdyljagyny aýtdy.

Şularalykda ýewro zonasynyň liderleri, şu aýyň aýagynda täze halas ediş fondlarynyň goýberilmegi üçin, Gresiýanyň koalisiýadaky partiýalarynyň ykdysady reformalary dowam etdirmek baradaky borçnama bilelikde gol çekmeklerini sorady.

Ýewro toparynyň bagşlygy Žan-Klod Janker Gresiýanyň ýurduň Ýewropa Bileleşiginiň we Halkara pul gaznasynyň şertleri esasyndaky talaplara tabynlygyny gaýtadan tassyk etmegini sorady.
XS
SM
MD
LG