Sepleriň elýeterliligi

Ýer togalagyna golaý geçjek asteroid barha ýakynlaýar


Howa gämilerini göterijiden hem ulurak bir asteroidiň çarşenbe güni Ýer togalagyna Aýdan hem golaý geçmegine garaşylýar. Bu alymlara kosmosa aralaşmazdan barlag geçirmek üçin seýrek döreýän bir mümkinçiligi berer.

2005 YU 55 atlandyrylan asteroidiň ugruny kesgitlän NASA alymlary onuň Ýer bilen golaýlamasy Praga wagty bilen çarşenbe güni ýarygijeden soň, 28 minut bolar diýýärler. Olar äpet kosmos daşynyň Ýere gelip urmajagyny, ýöne 320 müň km. çemesi golaýdan geçjegini aýdýarlar.

Bu alymlaryň şeýle ululykdaky asteroidiň Ýeriň şeýle golaýyndan geçjegini ilkinji gezek öňünden kesgitleýişleridir.
XS
SM
MD
LG