Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň atom programmasy boýunça dartgynlylyk artýar


HAEG Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly alada bildirip, BMG-ä birnäçe gezek ýüz tutupdy.

HAEG Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly alada bildirip, BMG-ä birnäçe gezek ýüz tutupdy.

Şu hepde BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugynyň (HAEG) Eýranyň atom programmasy bilen bagly täze hasabatyny ýaýratmagyna garaşylýar. Onda Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmek ugrunda iş alyp barýandygy barada täze delilleriň getiriljekdigi aýdylýar. Bu hasabat bilen bagly Ysraýylyň Eýrana hüjüm etmeginiň ähtimaldygy barada metbugatda peýda bolan habarlar ýagdaýy has hem dartgynlaşdyrdy.

HAEG-niň ýaýratmaly täze hasabatynda näme ýazylandygyny entek hiç kim bilenok. Ýöne metbugata syzylan maglumatlara görä, bu hasabatyň täsiri ägirt uly bolar. Sebäbi onda Eýranyň ýadro ýaragyny döretmek ugrunda iş alyp barýandygy çaklanyp, olara deliller getiriler diýlip garaşylýar.

“The New Ýork Times” gazetinde çap edilen makalada HAEG-de Eýranyň hut ýadro ýaragyny öndürmek üçin zerur bolan işleri amala aşyrýandygyny subut edýän delilleriň bardygy aýdylýar.

Düýbi Wenada ýerleşýän Halkara atom energiýasy gullugynyň diplomatlary bu hasabatda Eýranyň spesialistleriniň ýadro ýaragynyň “teoretiki modelini” düzmäge çalyşandyklary barada maglumatlaryň bardygyny aýdýarlar. Şeýle hem, diplomatlaryň tassyklamagyna görä, hasabatda Eýranyň alymlarynyň ýadro ýaraglaryny göteriji raketalary döretmek üçin konstruktorlyk işlerini alyp barýandyklary barada deliller getiriler.

Şol bir wagtda-da häzir Eýranyň spesialistleri atom programmasy üçin ulanýan sentrafugalaryny ýer astynda gurlan desgalara göçürip başladylar. Maglumatlara görä, bu enjamlar daglyk ýerde täze gurlan “Fordow” desgasyna göçürilipdir.

Günbatar Eýranyň bu hereketiniň ýadro programmasy üçin zerur bolan enjamlaryny hüjümlerden abanýan howpdan goramak maksady bilen edýändigini çaklaýar. Emma şol bir wagtda-da Natanz zawodynda urany 20% baýlaşdyrýan sentrafugalar göçürilmän, işlemegini dowam etdirýär.

Uranyň 20% baýlaşdyrylmagy atom energiýa stansiýalarynda ulanmak üçin ýeterlik bolsa-da, atom ýaragyny döretmek üçin ýeterlikli däl diýip, bilermenler aýdýarlar.

Halkara basyşlar

HAEG Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly alada bildirip, BMG-ä birnäçe gezek ýüz tutupdy. Bu gurama Eýranyň ýadro programmasyny duruzmak maksady bilen bu ýurda garşy dört gezek sanksiýalary girizdi. Emma Eýran özüniň ýadro programmasyny diňe parahatçylykly maksatlar bilen amala aşyrýandygyny aýdyp, ýadro programmasynyň ýatyrylmagy baradaky halkara jemgyýetçiliginiň talaplaryna boýun egmän gelýär.

3-nji noýabrda Fransiýanyň Kann şäherinde senagat taýdan ösen 20 döwletiň sammitinde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama çykyş edip, Eýrana garşy basyşy güýçlendirmäge çagyrdy:

—Biz bärde howpsuzlyk meseleleri barada hem pikir alyşmak mümkinçiligini aldyk. Meniň bir zada ünsüňizi çekesim gelýär, ol hem – bize Eýranyň ýadro programmasyndan howpuň abanmagy dowam edýär. BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugy bu mesele bilen bagly ýörite hasabat taýýarlaýar. Biz prezident Sarkozi bilen bilelikde Eýranyň öz borçlaryny ýerini ýetirmegini gazanmakda halkara basyşy artdyrmak barada ylalaşdyk.

Halkara atom energiýasy gullugynyň täze hasabaty bilen baglylykda Ysraýylyň metbugatynda çap edilýän maglumatlar hem artdy. Ysraýylyň “Haaretz” gazeti 2-nji noýabrda çap eden maglumatynda ýurduň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň we goranmak ministri Ehud Baragyň Eýrana hüjüm etmek üçin Ysraýylyň kabinetinden goldaw gözleýändigini ýazdy.

Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres bu mesele bilen bagly şenbe güni giçlik eden çykyşynda Eýrana garşy hüjümiň amala aşyrylmak ähtimallygynyň ýokarlanýandygyny duýdurdy.

Britaniýanyň “The Guardian” neşirinde bolsa Britaniýanyň goranmak ministriniň ABŞ-nyň Eýranyň käbir desgalaryna hüjüm etmek üçin tizden-tiz bir plan taýýarlajagyna ynanylýandygy barada maglumat çap edildi.

Şol bir wagtda-da NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen NATO-nyň Eýran meselesine dahylynyň ýokdugyny aýtdy.

Ähtimallyk

Kanadanyň Kiňstonda ýerleşýän harby kollejiniň syýasat hem ykdysadyýet boýunça bölüminiň başlygy professor Huşaň Hassanýari Eýrana garşy harby hereketleriň amala aşyrylmagynyň mümkindigine biperwaýlyk bilen garamaly däldigini aýdýar:

—Ýsraýylyň eden beýanaty Günbatar ýurtlarynyň liderlerini Eýrandan diňe Ysraýyla däl, eýse olaryň öz ýurtlaryna hem howpuň abanýandygyna ynandyran bolmagy mümkin. Günbatar ýurtlary öz nobatynda Eýranyň goňşularyny bu howp barada duýdurmaklary ähtimal. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, harby hüjümiň amala aşyrylmagynyň mümkindigine gaty çynlakaý garamaly.

Häzirki çaklamalara görä, şu gidişine gitse, Eýran 2015-16-njy ýyla çenli ýadro ýaragyny döredip biler.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi HAEG-niň taýýarlaýan hasabatynyň ýalan maglumatlar esasynda düzülendigini öňe sürdi.

Ysraýylyň ilaty bolsa bu hasabat barada başgaça pikir edýäne meňzeýär. Ýakynda Ysraýylda geçirilen pikir soralyşygyň netijesinde soralanlaryň 41%-i Eýrana hüjüm etmek meselesini goldadylar, 39%-i bolsa harby hereketlere garşy çykdylar.

Ýöne, HAEG-niň täze hasabaty bilen baglylykda ýüze çykan dartgynlyga garamazdan, Günbataryň Eýrana garşy hüjüm baradaky maglumatlary harby hüjümi amala aşyrmak üçin däl-de, diplomatiki basyş üçin ulanýanlygyna şaýatlyk edýän alamatlar hem az däl. Mysal üçin, ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland bu mesele bilen bagly 3-nji noýabrda eden çykyşynda şeýle diýdi:

—Biz Eýran bilen harby taýdan dikleşmegi planlaşdyrmaýandygymyzy soňky aýlaryň hem hepdeleriň dowamynda birnäçe gezek aýtdyk. Biz häzir hem şol pozisiýamyzdan çekilemzok. Şol bir wagtda-da Eýranyň ýadro programmasyny duruzmak maksady bilen halkara jemgyýetçiliginiň basyşyny artdyrmak üçin biz elden gelenini ederis.

Britaniýa hem gepleşikler, hem halkara jemgyýetçiliginiň basyşy arkaly Eýrana täsir etmäge çalyşjakdygyny mälim etdi. Ýöne britan hökümetiniň ýaýradan ýörite beýanatynda: “Biz bu meseläniň gepleşik arkaly çözülmegini isleýäris, şol bir wagtda-da bu problemany çözmek üçin hemme mümkinçiliklerden peýdalanmaga taýýar bolmaly” diýlip nygtalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG