Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-özbek serhedinde hukuk bozulmalary ýüze çykaryldy


Ýakubowyň sözlerine görä, serhet bilen bagly häzirki dowam edýän kynçylyklarda ýönekeý türkmenleriňem, özbekleriňem günäsi ýok. Kynçylygy çinownikler döredýärler.

Ýakubowyň sözlerine görä, serhet bilen bagly häzirki dowam edýän kynçylyklarda ýönekeý türkmenleriňem, özbekleriňem günäsi ýok. Kynçylygy çinownikler döredýärler.

Özbegistanda adam hukuklaryny goraýan Horezm welaýat “Najot” guramasynyň şu ýylyň dokuz aýy boýunça geçiren gözegçilikleri Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulan halatlarynyň ençemesini ýüze çykardy. Şol hasabata görä, agzalan döwür içinde Horezm welaýatynyň 167 graždanynyň pasportyna türkmen serhetçileri “Bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň territoriýasyna girmek gadagan” diýen möhüri basypdyrlar.

“Najot” guramasynyň baştutany Haýytbaý Ýakubow Azatlyk Radiosyna häzirki maglumatlaryň diňe sentýabr aýyna çenli döwri öz içine alýandygyny, şu wagt bu sanyň 200-e golaýlandygyny aýtdy.

“Najot” guramasynyň çap eden maglumatyndan şeýle diýilýär:

—Türkmenistandaky garyndaşlarynyňka gelen özbekleri yzarlamak güýçlendi. Horezmli Mätkarim Ýusubow biziň guramamyza şeýle gürrüň berdi: “Men arada ýakyn garyndaşymyňka Daşoguza baryp geldim. Onuň öýünde galmaga mümkinçiligim bolmany üçin, başga biriniň öýünde ýatdym. Serhetçiler meni yzarlapdyrlar. “Näme üçin görkezilen adresde tapylmadyň?” diýip, pasportyma bir ýyllyk gadaganlyk möhrüni basdylar. Men muny hukugymyň bozulmagy hasap edýärin. Siziň adam hukuklary boýunça “Najot” guramaňyzyň üsti bilen öz nägileligimi türkmen häkimiýetlerine bildirmek isleýärin” diýip, Mätkerim Ýusubow aýdy.

“Najot” guramasynyň baştutany Haýytbaý Ýakubow türkmen häkimiýetleriniň dürli bahanalar bilen özbek raýatlaryny ýurtdan çykarýandygyny, ýöne türkmen tarapyndan informasiýa alyp bolmaýandygyny aýdýar:

—Beýle ýagdaýlar barada informasiýa ýok. Ýöne 2005-nji ýylda iki adamyň tussag astyna alnandygyny bilýärin. Ýöne olary hem iki ýyldan soň azatlyga goýberdiler. Ýöne Türkmenistanyň türmelerinde ýüz töweregi özbek graždanynyň oturandygy barasynda maglumat bar.

“Türkmen-özbek, özbek-türkmen serhedinden geçýänler köp sanly býurokratik böwetlere duçar bolýarlar. Bu bolsa serhetýaka söwda urulýan zarbadyr. Graždanlar emigrasiýa, serhet hem gümrük barlaglaryndan geçmeli, ol bolsa gaty köp wagt alýar” diýlip, guramanyň maglumatynda bellenipdir.

Dostluk we goňşuçylyk

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2-nji noýabrda geçirilen ýygnagynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen serhetleriň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk serhedi bolmalydygyny aýdypdy.

—Eger hakykatdan-da dostluk serhedi boljak bolsa, baryp-gelmäniň möhleti üç gün däl, bir hepde bolmaly. Baýramçylyklarda birek-biregiňkä baryp gelmek ýeňilleşdirilmeli—diýip, Najot” guramasynyň ýolbaşçysy Haýytbaý Ýakubow hasap edýär.

Emma “Najot” guramasynyň ýolbaşçysy Özbegistandan gelin bolup düşenlere Türkmenistanda raýatlyk berilendigini, emma Özbegistanda Türkmenistandan baranlara diňe oturym berilýändigini aýtdy.

Ýakubowyň sözlerine görä, Türkmenistanyň Mary, Ahal, Balkan ýaly serhetden uzakdaky welaýatlaryna barmak üçin özbek graždanlaryna Türkmenistanyň wizasy gerek:

Daşkentde, Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde wiza üçin hepdeläp garaşmaly bolýar, bu ýerde býurokratik päsgelçilikler gaty köp. Şu meselä-de çözgüt gerek. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda gol çekilen 60 töweregi ylalaşykdyr şertnama bar. Ýöne olary ulanmagy taraplar ýa islänok ýa başarmaýarlar. Iki ýurduň graždanlaryna ýeňillik döretmek üçin şol dokumentlere ýaňadan seretmek gerek.

Ýakubowyň sözlerine görä, serhet bilen bagly häzirki dowam edýän kynçylyklarda ýönekeý türkmenleriňem, özbekleriňem günäsi ýok. Kynçylygy çinownikler döredýärler.

—Şonuň üçin iki ýurt uly ýeňillikleri göz öňünde tutýan täze dokumentleri kabul etmeli. Şonda türkmen-özbek serhedi hakyky dostluk serhedi bolar—diýip, adam hukuklary boýunça Horezmdäki “Najot” guramasynyň ýolbaşçysy Haýytbaý Ýakubow Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG