Sepleriň elýeterliligi

Wengriýanyň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada Wengriýanyň prezidenti Pal Şmidt resmi sapara barýar.

Wenger prezidenti özüniň bu saparynyň barşynda Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada gepleşikler geçirer diýlip garaşylýar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi şu günki gün Türkmenistan bilen Wengriýanyň bilim, ylym we tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek üçin uly perspektiwalaryň bardygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG