Sepleriň elýeterliligi

“Demirgazyk akymyň” açylyş dabarasy geçirildi


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetden Germaniýa çekilen “Demirgazyk akymy” atly gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Germaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Lubmin şäherinde gurnalan bu dabara Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte, Fransiýanyň premýer-ministri Fransiois Fillon we Ýewropa Bileleşiginiň energetika meseleleri boýunça komissary Günter Öttinger dagylar hem goşuldylar.

Baltika deňziniň asty bilen çekilen we uzynlygy 1,224 kilometr bu gazgeçiriji häzirlikçe göz öňünde tutulýan esasy truboprowodyň diňe birinjisi.

Geljek ýyl bu truboprowod doly güýjünde işläp başlanda, onuň üsti bilen Orsýetden Germaniýa ýyllyk 55 milliard kubometr gaz akdyrylar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG