Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýa protestlerinde 3,500 adam öldürildi


Şu gün BMG-niň Ynsan hukuklary baradaky edarasy şu ýylyň martyndan bäri Siriýada dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda azyndan 3 müň 500 töweregi adamyň ölendigini mälim etdi.

BMG-niň Ynsan hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň metbugat sekretary Rawina Şamdasani bu maglumatlaryň Siriýadaky ýerli ynamdar çeşmelere esaslanýandygyny aýtdy.

Ol Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň 2-nji noýabrda güýç ulanmazlyk barada gol çeken parahatçylyk planyndan soňky geçen 5 günüň dowamynda-da bu ýurtda 60-dan gowrak adamyň öldürilendigini belledi.
XS
SM
MD
LG